Maglumat howpsuzlygynyň kanunçylyk binýady
31-10-23

Maglumat – bu ähli döwürlerdäki harby hereketlerde garşydaşyň serkerdelerine, goşunlaryna we ilatyna täsir etmek maksady bilen işjeň ulanylan iň netijeli gurallaryň biri. Maglumaty dürli görnüşde we usulda ulanmak arkaly, garşy tarapyň hyzmatdaşlaryny, tarapdarlaryny azaltmak, ýolbaşçylygynyň kabul edýän çözgütlerine täsir ýetirmek, agzyny alardyp güýçlerini bölmek, duşman urşujylarynda gorky we howsala döretmek, olarda ýeňşe bolan ynamyň hem-de goşuna berilýän goldawyň derejesini peseltmek ýaly maksatlara ýetilipdir. Kiberhowpsuzlyk (käwagt kompýuter howpsuzlygy diýilýär) kompýuterleri, serwerleri, ykjam enjamlary, elektron ulgamlary, torlary we maglumatlary zyýanly hüjümlerden goramak üçin usullaryň we amallaryň ýygyndysydyr. Kiberhowpsuzlyk, işewürlikden ykjam tehnologiýa çenli dürli ugurlarda ulanylýar. Bu ugurda birnäçe esasy kategoriýany tapawutlandyryp bolar.
Bu gün Türkmenistanda maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek we onuň bilen baglanyşykly kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ähli ulgamlara dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Kiber wehimlerden goranmak meselesi örän derwaýys bolup durýar.
Kiber wehimlerden goranmagyň wajyplygy nazara alnyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini goramak maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ýanynda Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy döredildi. Şeýle hem ýurdumyzda milli maglumat-kommunikasiýa ulgamlarynyň işini düzgünleşdirmegiň we ösdürmegiň hukuk esaslary düýpli kämilleşdirildi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Maglumatlar eýýamy hökmünde häsiýetlendirilýän täze müňýyllykda internetiň ulanylyşynyň dünýä derejesinde ýaýramagy, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giň ulanyjylar köpçüligi üçin elýeterli bolmagy maglumat torlaryna esaslanýan täze bir ölçegi – maglumat giňişligini emele getirdi. Bu giňişlikde döwletleriň, guramalaryň, dürli maksatly we düzümli toparlanyşyklaryň hem-de aýratynlykdaky fiziki taraplaryň maglumat torlaryny, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny kanuny we bikanun usullarda ulanmak arkaly öz bähbitlerini üpjün etmäge ymtylyşlary häzirki zaman jemgyýetçiligi üçin deňsiz-taýsyz mümkinçilikler bilen bir hatarda, adaty bolmadyk täze töwekgelçilikleri we wehimleri döretdi. Şu günüň şertlerinde, şeýle mümkinçilikler hem-de töwekgelçilikler, howplar we wehimler diňe bir döwlet, jemgyýet, raýat durmuşynyň we gatnaşyklarynyň dürli ugurlarynda peýda bolmak bilen çäklenmän, eýsem, harby howpsuzlyk we goranyş çygrynda hem yzygiderli ýüze çykýar.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň hem-de kiberhowpsuzlygyň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barlyşynyň dowamynda «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Ylmyň we tehnikanyň ösüşi bütindünýä jemgyýetçiliginde ýurtlaryň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň hem-de olaryň halklarynyň hal-ýagdaýynyň ösüş depginini kesgitleýär. Şol bir wagtda maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösüş-özgerişleri şertlendirýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň howpsuz we ygtybarly dolandyrylmagy döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň maglumat giňişligini kiber wehimlerden goramagyň hukuk binýadyny, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini kämilleşdirmek, degişli ugra tehniki serişdeleriň döwrebap görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän şeýle çäreler döwletiň we jemgyýetiň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam eder.
Medet GURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.