«Magtymguly diýip adym tutsalar»
29-11-24

Asyrlaryň dowamynda uly-uly şäherleri gurup, taryhda öçmejek yzlar goýan ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýörelgeleri bu günki bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde täze many-mazmuna eýe bolýar. Bu gün halkymyz Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy netijesinde Magtymguly atamyzyň arzuw eden döwletine, döwletliligine ýetdi.
Geçmişi şu gün bilen utgaşdyryp, eşretli ertirlere gadam goýdy. Dünýä öz nusgalyk, milli ýoly bilen goşulyşdy. Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez eserleri umumadamzat ruhy äleminiň parlak ýyldyzyna öwrüldi. Eýsem uç-gyraksyz asmanyň parlak ýyldyzy bolup, zeminiň nazaryny özüňe bakdyryp bilmek, heý, ýeňil-ýelpaý işmi?! Elbetde, ýok. Onuň üçin ruhy ummany boýlardan juda çuň bolan Magtymguly Pyragy bolmaly. Beýik pelsepeçi hökmünde adamzada özüňi ykrar etdirmeli. Magtymguly beýle ylhamy nireden aldyka? Näme üçin onuň paýhaslary ýoka-ry derejä göterilip, öz iline – ýurduna, külli ynsana melhem bolup hyzmat edýär?! Ol bu ylhamy ilki bilen öz Watanyndan, mukaddes topragyndan,ilinden–gününden, adamzada bolan söýgüsinden aldy. Ýöne «Bu dünýäde baş aýakdyr, aýak baş» diýilýän, «Ýüz tümenlik sözüň şaýa alynmaýan» döwründe melhemlik hyzma-tyny amal etmek örän kyndy. Şeýle bolansoň akyldar şahyrymyz ir kämil şahsyýet derejesine göterilip, il-ýurdunyň keşigini öz gerdenine almaly boldy. Berkarar döwlet, adyl şa, ynsan mertebesi hakda düýpli oýlanmaly boldy.
Köp wagt geçmänkä, ýowuz durmuş hakykaty şahyra-da, halka-da diňe bu iki taýpanyň birleşigi bilen döwletlilik meselesini çözüp bolmajakdygyny görkezýär. Çünki daşky duşmanlara gaýtawul bermek, şol döwrüň üznüksiz we biri-birinden ýowuz kynçylyklarynyň öňünde berk durmak üçin, diňe bir ýomut, gökleň taýpalarynyň agzybirligi ýeterlik däldi. Ine, şeýle ýagdaýda «Hor galmasyn puştdyr-puşdum, Berkarar döwlet istärin» diýip, berkarar we synmaz döwlet üçin, ähli türkmen taýpalarynyň birleşmelidigine göz ýetiren şahyr has uly hörpden — tutuş türkmenleriň birleşip, bir berkarar döwlet gurmagynyň arzuw-niýeti bilen joşup, ähli türkmen taýpalaryny agzybirlige çagyrýar. Muňa şahyryň «Döker bolduk ýaşymyz», «Görülsin indi», «Gözlär men», «Türkmeniň», «Türkmen binasy» ýaly şygyrlary arkaly aýdyň göz ýetirse bolýar. «Türkmen ilim, eý, adamzat, Azat sil, güzer gözlär men» diýip, azat ýurt, garaşsyz döwletiň gurulmagyny arzuw eden şahyr, bu islegiň diňe ähli türkmenleriň birleşip, bir başa, bir serdara gulluk edende amala aşjagyna ynanypdyr:
Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, gökleň, ýomut, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.
Şahyryň türkmen taýpalaryny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak baradaky ajaýyp pikirleri onuň «Türkmeniň» we «Türkmen binasy» atly goşgularynda özüniň çür depesine ýetýär:
Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýöriş, açylar gül lälesi.
...Aýdadyr Magtymguly, bolmaz göwünde bir gara,
Hak sylaýyp, kylmyş nazar, bardyr onuň saýasy.
Şahyr özbaşdak türkmen döwletini gurmak baradaky arzuwlaryny kalbynda telim gezek janlandyrypdyr. Ony şahyryň aşakdaky setirleri dolulygyna subut edýär:
Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň.
Gül-gunçasy — gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.
Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň.
Bu setirlerden görnüşi ýaly, şahyr Amyderýadan tä Hazar deňzine çenli ýaýlyp ýatan sähraýy, bag-bakjaly, dag-deňizli giň meýdany türkmen halkynyň täze gurlan özbaşdak milli döwleti hökmünde göz öňüne getiripdir.
Şahyryň bu beýik arzuwy häzirki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, sözüň doly manysynda, hakykata öwrüldi.
Akyldar şahyrymyzyň döwründen 300 ýyl geçen-de bolsa, onuň ajaýyp edebi mirasy milletimiziň kalbyna baky ornap, agzybirlik, dost-doganlyk, ynsansöýüjilik, parahatçylyk we geljege ynam mukamyny çalyp dur. Ol bolsa hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletinde külli ynsanyň köňül taryna kakyp, baky bagtyýarlyk mukamyna öwrülýär.
Dünýä meşhur akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen binagärlik çözgütlerine kybap gelmeginde öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň, esasan hem, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, mugallymlarynyň täzeçil gözýetimlere esaslanýan pikirine daýanylmalydygyny, şunda milli hem-de häzirki zamanyň binagärlik ýörelgeleriniň utgaşdyrylmalydygyny bellemegi Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyňtürkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýändikleriniň ýene-de bir gezek aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Munuň özi nurana ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimizde çuňňur buýsanjy döretdi.
Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.