Milli manadymyz we durnukly ösüş
31-10-23

Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly täsirini ýetiren oýlap tapyşlaryň hatarynda pul möhüm orny eýeleýär. Ol diňe bir aýratyn alnan adamyň däl, eýsem, tutuş jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda-da wajyp hasaplanýan dolanyşyk serişdesidir. Şeýle hem pul birligi döwletliligiň esasy nyşanlarynyň biri bolup, ýurduň syýasy hem-de ykdysady kuwwatynyň derejesini görkezýär. Şu ýylyň 1-nji noýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň esasy nyşanlarynyň biri bolan milli manadyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar.
Taryha nazar aýlanyňda, puluň döremegi adamlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenmegine, söwdanyň, bank işiniň, telekeçiligiň ösmegine, önümçiligiň giňemegine, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň artmagyna güýçli itergi berendigi görünýär. Eziz Watanymyzdaky taryhy ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işlerinde gymmat bahaly metallardan ýasalan teňňeleriň ençemesiniň ýüze çykarylmagy bolsa türkmen topragynyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hökmünde tutuş yklymda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösmeginde möhüm orny eýeländigini tassyklaýar.
1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda, ýurdumyzda kabul edilen Kanuna laýyklykda, ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady hem-de onuň bölek şaýylyklary bolan teňňe dolanyşyga girizildi. Şondan soňky geçen üç onýyllyga barabar döwürde halkymyzyň ynamyny gazanyp, durnuklylygyny saklap gelýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe syýasatynyň netijesinde, milli manadyň durnuklylygyny saklamak, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün edip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importuň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «Master Card» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «QR-kod» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderileriň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna ynamly geçirilmegi, öz gezeginde, pul-karz ulgamynyň öňünde täze wezipeleri goýýar. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek bolsa, köp derejede maliýe-bank ulgamynda işleýän hünärmenleriň hünär başarnygyna baglydyr.Bu wajyp ulgamyň yzygiderli ösdürilmegi üçin hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryna biz – geljekki ykdysatçylar hem öz goşandymyzy goşarys.
Baky berkarar döwletimizi ösdürmekde giň möçberli işleri alyp barýan, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy bilen möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýol açyp berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýjahan GURBANDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.