Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pul dolanyşygynyň ýurduň ykdysady ösüşine täsiri

31-10-23

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan köpugurly özgertmeleriniň netijesinde milli manadymyz bilen baglanyşykly düýpli çäreler döwletimiziň ykdysady ösüşini ýokarlandyrmakdan we halkyň ýaşaýyş bähbitlerine esaslanmakdan ybaratdyr. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz durmuş-ykdysady taýdan barha uly ösüşleri nazarlaýar. 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli walýutanyň dolanyşyga girizilmegi ýurdumyzyň pul dolanyşygynyň taryhynda ähmiýetli waka öwrüldi hem-de türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagynyň ýolunda möhüm ädim boldy. Milli walýuta eýe bolmak we maliýe-pul özgertmelerini durmuşa geçirmek bilen ýurdumyzyň ykdysadyýeti özüniň yzygiderli ösüşi hem-de halkara gatnaşyklary ulgamyna has-da ýakynlaşmagy üçin kuwwatly itergi aldy. Manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkyň hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagynyň esasy gözbaşlarynyň biridir.

Milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar. Bilşimiz ýaly, mundan 30 ýyl öň ýurdumyzda ýeke-täk kanuny töleg we hasaplaşyk serişdesi hökmünde türkmen manady dolanyşyga girizildi. Şu geçen 30 ýyllyk taryhy ýol ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank ulgamlarynda ýetilen sepgitlere, gazanylan ösüşlere we amala aşyrylan ajaýyp özgertmelere şaýatlyk edýär. 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirildi. Manadyň goraglylygyny we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde 2012, 2014, 2017-nji ýyllarda modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Milli pullar islendik bir döwletiň ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegi hasaplanylýar. Uzak taryhy geçmişe göz aýlasak, pul harydyň alyş-çalyş gymmatynyň taryhy ösüşiniň netijesinde emele gelipdir. Dürli döwürlerde halklaryň arasynda pullaryň dürli görnüşleri ulanylypdyr. Pullaryň şeýle giňden ulanylmagy netijesinde, öý hojalyklarynyň we döwletleriň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň çägi has-da giňäpdir. Şu jähetden, wagtyň geçmegi we özara alyş-çalşyň düýpli ösmegi bilen, pul düşünjesiniň üsti nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul hem-de elektron gapjyk ýaly zamanabap gurallary esasynda ýetirilipdir.

Häzirki döwürde 20112030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna, 20192025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasyna hem-de 20212025-nji ýyllarda Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak, milli hasaplaşyk ulgamynyň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly ykdysadyýete geçmek üstünlikli amala aşyrylýar. Programma üpjünçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Bank amallarynyň sanly ulgama geçirilmegi diňe bir hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini gowulandyrmaga, hasaplaşyklar üçin sarp edilýän wagty azaltmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, banklara puluň dolanyşygyna gözegçilik etmäge hem-de degişli çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.Ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçmeginde pula aýratyn orun degişlidir. Ýurtda hereket edýän puluň durnukly, hümmetli, satyn alyjylyk ukybynyň ýokary bolmagy bazar ykdysadyýetine üstünlikli geçmäge ähli zerur bolan amatly şertleri döredýär we ýurdumyzda kabul edilýän ähli maksatnamalary amal etmäge mümkinçilikleri artdyrýar.

Puluň kadaly hereketini ýola goýmak, durnuklylygyny üpjün etmek köp derejede onuň haryt üpjünçiligine we hyzmatlar ulgamynyň işjeňlik derejesine baglydyr. Bu meseleleri üstünlikli çözmek maksady bilen, ýurdumyzda köpsanly ulgamlaýyn we toplumlaýyn işler üstünlikli amala aşyryldy. Muňa mysal edip, 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan manadyň tapgyrlaýyn denominasiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha berkemegine, halkymyzyň bolelinlikde, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna uly ýardam edendigini bellemelidiris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ösüşleriniň özeninde eziz halkymyzyň bähbidi bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler we gazanylýan netijeler Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň ýaşaýşyň ähli ulgamlarynda dabaralanýandygyny aýdyň subut edýär. Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy milli manadymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ýurdumyzy ösdürmek, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Timur ÝAZOW,
T
ürkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.