Ýaş türgenleriň täze nesli kemala gelýär

01-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportunyň altyn sahypalary ýazylýar. Garaşsyz Türkmenistan ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň depginli ösýän, halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýän ýurduna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sportuň ösen milli ulgamyny döretmek, Olimpiýa hereketini, ýokary derejeli sporty ösdürmek, degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň saglygy we sazlaşykly ösüşi bagtly geljegiň girewidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ylym-bilimiň, sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň sazlaşýan ýerinde ynsan özüni bagtyýar duýýar. Bularyň ählisi utgaşyp, adamy ösüşlere we belent sepgitlere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyna, bilim ulgamyny, sporty ösdürmäge, bu möhüm ulgamlary dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ýurdumyzda köpugurly düzüm döredildi. Munuň özi halkara ölçeglere kybap gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda bilim ulgamynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, türgenleriň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumlar gönükdirilýär, onuň düzümine ylmyň öňdebaryjy gazananlary, şol sanda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyz sport ýurduna öwrüldi. Sport babatynda durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirmek baradaky durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde amala aşyrylýar. Institutymyzyň çäginde birinjiliklerdir sport çäreleri yzygiderli geçirilip, ýaşlaryň kämilleşmegine şert döredilýär. Ýakynda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem erkin göreş, uşu, tennis, boýunça talyp türgenleri ýaryşlara gatnaşyp ustünlikler gazandylar.

Ýaňy ýakynda ,,Aşgabat” köpugurly stadionynyň açyk tennis meýdançasynda  sportuň  Uly tennis görnüşi boýunça geçirilen Türkmenitanyň çempionatynda institutymyzyň “Sanly tehnologiýalar we kipberhowpsuzlyk” fakultetiniň talyp türgeni Rožana Karajaýewa jübütleýin görnüde 1-nji ýere mynasyp boldy. Aşgabat şäheriniň “Aşgabat” köpugurly stadionynyň açyk tennis meýdançasynda  sportuň  Uly tennis görnüşi boýunça geçirilen Türkmenitanyň çempionatynda institutymyzyň “ Sanly tehnologiýalar we kipberhowpsuzlyk” fakultetiniň talyp türgeni Rožana Karajaýewa ýekeleyin görnüşde 2-nji ýere mynasyp boldy. Oktaýabr aýynyň 8-ne Aşgabat şäheriniň “Gökje” sport toplumynda sportuň “Uşu” görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda instututymyzyň “Demir ýol ulaglary” fakultetiniň talyp türgeni Gulow Kerwen 1nji ýere mynasyp boldy. Sentýabr aýynyň 16-na Erkin göreş görnüşi boýunça geçirilen Aşgabat şäheriniň  Kubogyny  almak ugrundaky ýaryşda instututymyzyň “Demir ýol ulaglary” fakultetiniň talyp türgeni Mätijanowa Käbe 57 kg agram derejede bürünç medala mynasyp boldy. 

Hormatly Prezidentimiziň bedenterbiýe we sporty ösdürmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda häzirki zaman sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylan talyplar sport kluby hereket edýär we onuň wezipesi talyplaryň saglygyny berkitmek üçin şertleri döretmekden, sporta bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. Talyplar sport kluby sagdyn, beden taýdan güýçli, ruhy taýdan baý ýaş nesliň bilim almagyny ösdürmek, talyplaryň bedenterbiýä we sporta bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaklyga niýetlenendir.  Talyplar sport klubynda sportuň dürli görnüşleri boýunça birnäçe gurnaklar hereket edýär. Talyp ýaşlar sapakdan boş wagtlary bu gurnaklaryň işine diýseň höwesli we işjeň gatnaşýarlar. Institutda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik işleri we ýaryşlar yzygiderli geçirilýär.Institutyň talyp türgenleri ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara işjeň gatnaşyp, üstünlikleri gazanýarlar. Institutda Türkmenistanyň şanly baýramçylyk senelerine bagyşlanan sport çäreleri yzygiderli geçirilýär, şeýle hem talyplar “Saglyk ýolunda” gezelenç, ýöriş edýärler hem-de welosiped marafonlaryna gatnaşýarlar.

Ussat halypalaryň we zehinli şägirtleriň tutanýerli zähmeti agyr atletika boýunça türkmen mekdebiniň ýeňişli ýolunyň dowam etmegini şertlendirýär. Biz — Türkmenistanyň Inžner-tehniki we ulag kommunikasiýalry institutynyň tälimçi-mugallymlary hem-de türgenleri ýurdumyzda sportuň ösdürilmegi ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys. Hormatly Prezidentimiziň türkmen sportuny ösdürmekde alyp barýan taýsyz tagallalaryna jogap edip, biz – sport klubynyň işgärleri gelejekde hem yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

 Toýlymyrat DURDYMYRADOW,
 Täçmyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymlary.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.