Täze üstünliklere tarap
02-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip yglan edilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Ýurduň we milletiň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin ýola goýlan işler mynasyp hem döredijilikli dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen, milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak meselesini hemişe üns merkezinde saklaýar. Çünki dünýä jemgyýetçiliginde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Has kämil innowasion usullar, çylşyrymly tehnologiýalar, täzeçe garaýyşlar durmuşa ornaşdyrylýar. Hut şunuň bilen bagly okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslaryny we usullaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek we baýlaşdyrmak zerur bolup durýar.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli ösüşleriň ýoluna düşen Türkmenistan döwletimiz sözüň doly manysynda ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynamlar bilen öňe barýar. Bagtyýarlygyň gujagynda her bir güni ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara, şanly senelere beslenýän ýurdumyz gözümiziň alnynda gülläp ösýän, tanalmaz derejede özgerýän jennet mekanyna öwrülýär. Eziz Watanymyzyň giň gerimde amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri-de, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, çuňňur bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek hasaplanylýar.
Sanly bilim ulgamyna geçmek täze taryhy eýýamda ulgamda alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Sebäbi sanly bilim ýaş nesillerimiziň ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ylymdyr tehnikanyň depginli ösýän häzirki zamanasynda ýaş nesliň hünär ussatlygynyň ilkinji şertleriniň biridir. Şundan ugur alnyp, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmekde oňyn netijeler gazanylýar. Bu bolsa bilim ojaklarynda ýaş nesle berilýän bilimiň hil derejesini ýokarlandyryp, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Munuň özi milli bilim ulgamynyň işini umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyk getirmekde wajyp ähmiýete eýedir.
Bilimli ýaşlaryň arasynda geçirilýän dürli derejedäki bäsleşikler öz oňyn netijesini berýär. Ukyp-başarnykly ýaşlar döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen ähli şertler döredilendir. Mekdep okuwçylary halkara olimpiadalarynda, taslama-döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn we kümüş, bürünç medallara mynasyp bolmagy başarýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň biz — talyplaryň döwrebap derejede bilim, hünär öwrenmegimiz üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Il-ulsumyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç alsyn!
Geldi GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.