MAGTYMGULY - ADYŇ DILLERDE DESSAN
28-11-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda türkmen halkynyň baý taryhyny, ata Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde ägirt uly hyzmatlary bitiren taryhy şahsyýetleri öwrenmäge giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr” diýen parasatly sözleri biziň türkmen edebiýatymyzy bezäp gelen şygyrlar hakynda ylmy agtaryşlary alyp barmaga ýardam edýär.
Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna ser salanymyzda, bu keramatly toprakda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň, alymlaryň, danyşmentleriň ýaşap, özünde soňky nesillere bahasyna ýetip bolmajak miras galdyrandygyny görmek bolýar. Milli Liderimiz: “Türkmen halky geçmişde il-ýurt ykbaly bilen bagly meseleleri maslahatlaşyp, geňeşip, ýedi ölçäp, bir kesip çözüpdir. Şonda milletiň pähim-parasada ýugrulan danalarynyň pikir ummanyna daýanylypdyr. Şeýle akyldarlaryň biri-de türkmeniň beýik şahyry Magtymgyly Pyragydyr” diýmek bilen geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirki zaman türkmen edebiýat ylymynyň, milli filosofiýanyň many-mazmunynyň çuňlaşmagyna ägirt uly goşant goşan nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine beýik baha berýär. Oňa diňe bir Hakyň nazar salan türkmen halky däl, bütin dünýä guwanýar. Munyň şeýledigine dünýä edebi mirasyny öwrenijileriň, alymlaryň, şahyrlaryň şahyr hakynda aýdan parasatly pähimleri hem doly tassyk edýär.
Gündogary öwreniji rus alymy akademik W.W.Bartolt: “Türki halkyýetleriň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenlerdir” diýip belläp geçýär. Magtymgulynyň şahsyýeti barada eýýäm köp sanly rowaýatlar aýdylýar. Akademik Ý.E.Berteles: “Magtymguly türkmeniň şygyrýetiniň gymmat baha daşlarynyň biri bolup, ol biziň zamanamyzda täze ýüzügiň gaşynda gözüňi gamaşdyryjy şöhlesi bilen lowurdaýar” diýse, akademik A.N.Samoýlowiç: “Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmeniň halypasydyr” diýýär.
Magtymguly Pyragy bütin ömriniň dowamynda halkyň agzybirligini, bir döwlete, bir başa daýanmagyny, suprasynyň bir bolmagyny arzuw edipdir. Beýik akyldar bitewi türkmen milletini we kuwwatly, mizemez türkmen döwletini berkarar etmek üçin halk agzybirligini hemme zatdan ileri goýýar. Şahyr ynsanperwerlik, watançylyk, ahlak päkligi, söýgi, mertlik, gahrymançylyk, agzybirlik, myhmanparazlyk, zenan mertebesi, zähmetsöýerligi, salyhatlylygy, edepliligi we gaýry meselelere degişli aýdan pikirleri hemişe täze owaz bilen ýaňlanyp, täze şöhle bilen nur saçýar.
Magtymgulynyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri türkmeniň milli ruhy bilen ýaşaýar. Milli Liderimiz özüniň “ynsan kalbynyň öçmejek nury” [1] atly kitabyny beýik akyldara bagyşlady. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen dünýä ýurtlarynyň ençemesinde – Russiýa Federasiýasynyň Stawropol ülkesinde, Asrahanda, Özbegistanda, Türkiýede, Täjigistanda beýik skyldaryň heýkeli bina edildi. Doganlyk halklar şahyryň belent heýkeliniň öňünde her ýyl şygryýet baýramçylygyny geçirip, onuň hormatyna gül desselerini goýýarlar.
Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýä ýazyjy-şahyrlarynyň ylham çeşmesi bolup geldi. Meselem, azerbaýjan şahyry Hasan Ilsöýer şahyra bagyşlap “Magtymgula” atly goşgusyny döretse, belarus şahyry Oleg Loýka “Pyragynyň heýkeli” goşgusyny döretdi. Gazak şahyry Garly Ormanow şahyryň hormatyna bagyşlap “Magtymgulynyň mekanynda”şygryny ýazsa, garagalpak şahyry Ybraýym Ýusup “Näme sen?” atly eserini döretdi
Beýik akyldar şahyryň edebi mirasy akyl-paýhasa ýugrulan eserleri hemişe halk bilen ýaşaýar. Onuň belent sarpasy, baý mirasy dünýä giňişligine aýlanyp ýör. Munuň özi hakyky, sözün doly manysyndaky eserleriň bakylyga eýedigini aňladýar. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlary mukaddes Watany, il-güni söýmegi beýik nyşanydyr.
Türkmenistan we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dos-doganlyk gatnaşyklary asyrlaryň jümmüşine uzap gitýär. Doganlyk türkmen we türk halklarynyň umumy taryhy kökleri hem-de gadymydan gelýän milli däpleri bu gatnaşyklaryň esasynda durýar. Magtymguly Pyragynyň ýadygärlik heýkeli-de Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde başyny belent tutup dünýä ýaň salýar. Şu nukdaýnazardan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň dogalan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzda we beýleki döwletlerde giňden ýaýbaňlandyrýar.
Kalplara ganat baglaýan ajaýyp günlerde berkarar Watanymyzda ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagynda şygyrlaryň hyzmaty diýseň ulydyr. Goý, şeýle şahsyýetlerimiziň edebi mirasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aýjemal ALLABAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.