KÄMIL BILIM — GELEJEGE BINÝAT
02-11-23

Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler her bir türkmenistanlynyň, aýratyn hem, ýaşlaryň durmuşynda öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen tutumly işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilim syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin zerur hukuk we guramaçylyk binýadynyň, maddy-tehnik, intellektual üpjünçiligiň, umuman, ähli şertleriň bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr.
Prezident maksatnamasynda meýilleşdirilen çäreleriň hatarynda: bilim we ylym ulgamlarynda gazanylan oňyn dünýä tejribesine laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde elektron maglumat goruny yzygiderli baýlaşdyrmak; sanly bilim ulgamyndan ugur alyp, döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary (elektron kitaplary, gollanmalary, wideo-audiomateriallary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary we beýlekileri) taýýarlamak we olar bilen ýokary okuw mekdepleriniň elektron kitaphanalaryny baýlaşdyrmak; ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde, hereket edýän merkezlerde bu ugurdan mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek; bilim edaralaryny bitewi bilim toruna tapgyrlaýyn birikdirmek; sanly ykdysadyýet ugry boýunça hünärmenleri taýýarlamak; ýokary hünär bilim edaralaryny, orta hünär bilim edaralaryny we umumybilim edaralaryny ýokary tizlikli internet ulgamyna birikdirmek; bilim edaralarynda elektron resminama dolanyşygyny tapgyrlaýyn ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmak; bilimi dolandyrmagyň maglumat ulgamyny döretmek we oňa kem-kemden geçmek ýaly ösüş ugurlary kesgitlenen.
Döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli tutumly işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegini, jemgyýetimiziň geljegi bolan ylymly-bilimli, ýokary hünär taýýarlykly, giň dünýägaraýyşly nesilleriň terbiýelenmegini üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, häzirki zaman türkmen jemgyýetinde, sanly maglumat tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösýän döwründe her bir şahsyýetiň bilimliligi we aňlaýyş ukyby ýurduň milli baýlygyny alamatlandyrýar. Adamyň ruhy sagdynlygy, hemmetaraplaýyn ösüşi, hünär taýýarlygynyň giňligi we ýitiligi, döredijilige ukyplylygy, emele gelen ýagdaýlar esasynda çözgüt tapmak başarnygy döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň düzüm bölegi bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň özboluşly, gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan baý hem-de çuň mazmunly milli medeniýeti ähli döwürlerde-de ylym-bilime daýanypdyr. Her bir raýatyň işjeňligi, syýasy we durmuş-ykdysady ulgamlaryň durnukly ösüşine mynasyp goşant goşmagy, medeni-öwrenijilik başarnygy, ýagny umumadamzat medeniýetiniň we milli aýratynlyklarynyň ýeten derejeleriniň esasynda döwrebap medeniýetiniň bolmagy onuň bilimliligi bilen pugta baglanyşyklydyr. Halk arasynda «Kämilligiň çägi ýok» diýen düşünje bar. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, her bir şahsyýetiň kämillikleriň hem-de ajaýyplyklaryň täze-täze belentliklerine, üstünliklere dalaş etmegini, adam ömrüniň dowamynda täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Bu babatda adamzat aňynyň, paýhasynyň emele gelşiniň we ösüşiniň irki döwürlerinden bäri nesilden-nesle geçirilip gelnen, ynsan ahlagynyň kämilligine, terbiýesine hyzmat edýän halk döredijiliginiň dürli görnüşleri, nakyllar, atalar sözleri, rowaýatlar örän köp.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasada ýugrulan kitaplary, türkmen halkynyň nesilden-nesle geçirip gelen däp-dessurlary, halkyň çeper döredijilik mirasy, taryhda öçmejek yz galdyran danalaryň, ylym-bilim we sungat ussatlarynyň döredijiligi häzirki zaman bilim ulgamynyň mazmunynda mynasyp orun tutýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde, häzirki döwürde bilim ulgamyny dünýäde öňdebaryjy derejelere ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredildi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýdyň ýollar açyldy. Paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etraplarda, obalarda döwrebap enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap ulgamy kemala geldi. Munuň özi bilimiň jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegine esas bolup durýandygyny, onuň döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bilim ulgamyndaky ösüşler we özgertmeler ýurdumyzda bilimiň ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýandygyny şöhlelendirýär.
Umuman, milli bilim ulgamy okuwa höwesek ýaşlara ýokary derejede bilim-terbiýe, hünär almaga doly mümkinçilik berýär. Döwletimiziň döredýän şeýle mümkinçiliklerinden okuwçylaryň, talyplaryň, mugallymlaryň netijeli peýdalanmagy döwrebap bilim almaga konstitusion kepillikleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň girewidir.
Maksatnazar SUWHANLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Demir ýol ulaglary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.