DIL – DOSTLUK KÖPRÜSI
03-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär.
Dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Her bir halkyň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň aýdyň beýanydyr. Dünýä dilleriniň içinde iňlis dili dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri hasaplanylýar. Häzirki döwürde biziň ýaşlarymyz hem dünýä dilleri bilen birlikde iňlis dilini çuňňur öwrenýärler. Dünýä dillerini bilmek dünýä edebiýatyndan habarly bolmakdyr, ylmyň ösüşlerine giňden göz ýetirmekdir. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Dil diňe bir dostluk köprüsi däl, eýsem, ylym-bilimde hem möhüm ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem häzirki döwürde dünýä dillerini öwrenmek ýaly asylly ýörelgeler kemala geldi. Bu hem ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryna mümkinçilik döredýär.
Döwrüň ösmegi, özgermegi bilen häzirki wagtda ýaşlaryň dil öwrenmegine bolan talap güýçlenýär. Okatmagyň häzirki zaman usulyýeti okuw işlerinde sanly ulgamdan döredijilikli peýdalanmagy talap edýär. Bu babatda ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, daşary ýurt dillerini okatmagyň amaly we nazaryýet esaslaryny özleşdirip, olardan netijeli peýdalanmakda, ýaş nesliň işjeňligini artdyrmakda, okuw işiniň depginini ýokarlandyrmakda, ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň hilini gowulandyrmakda aýratyn tagalla edilýär. Dil öwrenmek, esasan hem, daşary ýurt dillerini öwrenmek adamynyň dünýägaraýşyny ösdürýär, pikirlenişini has-da baýlaşdyrýar. Dilçi alymlaryň bellemegine görä, dil öwrenmek ynsanyň aň-düşünjesini ösdürýär hem-de sözleýiş ukybyny kämilleşdirýär. Munuň özi ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň örän ähmiýetlidigini beýan edýär.
Watansöýüji, halal, intellektual derejesi ösen, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu günki gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän bilim, ylym babatdaky dürli Kanunlar, Permanlar, Kararlar, maksatnamalar, şeýle-de “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdurmegiň Konsepsiýasy”, “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” hem-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” ýaly resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dilinde suwara düşünişip bilmek ukyplarynyň ösdürilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Daşary ýurt dillerini öwretmekde iň kämil usullar ýola goýulýar. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi arkaly dürli sapaklar bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwredýän sapaklarda hem täze usullar, bilim bermegiň iň täze görnüşleri kemala gelýär.
Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen pähim bar. Halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde dil öwrenmegiň ähmiýetli orny bar. Dünýä dillerini öwrenmek üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilendir. Türkmen halkynyň bagtyýar ýaşamagyna, erkana işlemegine, bilim-terbiýeçilik işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri uly üstünliklere beslensin!
Jahan MAMEDOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.