DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRENMEKDE DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALAR

03-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Her ýyl täze okuw ýylynyň başlanmagy ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpeler üçin uly şatlykly, ýatdan çykmajak gün bolup durýar. Birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” atly kompýuteriň sowgat berilmegi çagalaryň bilimler dünýäsine ilkinji gadamlary basyp, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň üsti bilen ýokary derejede bilim almaklaryna uly mümkinçilik döredýär.

Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulgamdyr.

Sapagy kompýuter arkaly guramak mugallym üçin hem, okuwçy üçin hem örän amatlydyr, sebäbi, okuwçy sapaga degişli maglumatlary gözi bilen görüp, aňynda aýlap, öwrenilýän zatlary çalt we ýeňil kabul edýär. Sapakda okuwçylaryň işjeňligi artyp, olar uly höwes hem-de gyzyklanma bilen netbuklarda işleýärler. Başlangyç synpda daşary ýurt dili sapagynda hem kompýuterden peýdalanyp sapak guramagyň özboluşly ähmiýeti we gowy netijeliligi bar. Mugallym, ilki bilen, sapakda geçjek täze temasyna degişli slaýdlary yzygiderlilikde açyp, okuwçylary täze sözler bilen, olaryň aýdylyşy we okalyşy, tema degişli suratlar bilen tanyşdyrýar. Bu bolsa okuwçynyň täze sözi hem görüp, hem eşidip, aňynda çalt we aýdyň galmagyna getirýär. Kompýuteriň kömegi bilen her okuwçy täze öwrenilen sözleri gaýtalap bilýär.

Geçilen temany berkitmekde mugallym kompýuterdäki berlen ýumuşlardan peýdalanyp, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenip çalt we dogry tapyp bilmek, ugurtapyjylyk ýaly endikleriniň has-da ösmegini gazanýar. Mysal üçin, reňkler öwredilende berlen şekiljigi ses bilen aýdylyp eşidilýän reňki dogry tapyp reňklemek. Okuwçynyň sözüň aýdylyşyny dogry eşidip, şol sözi gaýtalap we şol reňke degişli syýajygy tapyp, kompýuteriň syçanjygynyň kömegi bilen işledip bilmegi onuň ünsli diňlemegini, sözleýiş başarnygyny we işjeňligini ösdürýär. Haýwanlaryň, maşgala agzalarynyň, ýa-da pasyllaryň, aýlaryň atlary öwredilende kompýuterde surat goýup, onuň aşagynda berlen boş öýjügi doldurmak ýa-da galdyrylan harpy tapyp goýmak ýaly ýumuşlar okuwçynyň ýatkeşliginiň, okap bilmek başarnygynyň we ýazuw endiginiň ösmegine täsir edýär.

Sanlar geçilende ýörite slaýdlarda berlen sanlaryň kömegi bilen gurlan şekilde san yzygiderliligini bozýan sany tapyp, kompýuter syçanjygynyň kömegi bilen ony ýüze çykarmak. Bu usul okuwçynyň ünsüni bir ýere jemlemekde, ýatkeşligini, sözleýiş endigini we işjeňligini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Şeýle-de, okuwçylaryň sözleýiş we okap bilmek endiklerini ösdürmek üçin kompýuteriň kömegi bilen slaýdlarda bir wakanyň bolup duran pursadyny görkezýärin. Edilýän herekete görä aşakda görkezilip berlen sözlerden sözlem düzmek arkaly ýumuşlary almak, diňe bir sözleýiş we okap bilmek endigini däl-de, eýsem, okuwçynyň grammatika kadalaryny hem öwrenmegine mümkinçilik döredýär. Ýokarda görkezilen işjeň usullar öz netijeliligini sapagyň soňunda has aýdyň görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz diňe bir Türkmenistan döwletimizde däl, eýsem, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde hem okap, bilim alyp,  eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişýärler. Bilim-bagtyň binýadydyr. Bilimli adam hemişe dürs hereket edip, islendik kynçylykdan dogry netije çykarmagy başarýar. Bilimiň nur saçýan ýerinde garaňkylyk bolmaýar. Bilim, öçmeýän şamçyrag ýaly ýagtylygy bilen özüniň bar ýerinde täze ösüşleri kemala getirýär. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Güljan NAZAROWA,
Şabat etrabynyň 39-njy orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.