Magtymguly Pyragy — ähli göwünleriň we döwürleriň şahyry

29-11-24

Türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda ähli adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Şonuň üçin hem bu baý döredijiligi, ajaýyp goşgulary alymlar ylmy esasda öwrendiler, şygyrlaryň many-mazmunyny geljek nesillere ýetirdiler. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragynyň ajaýyp goşgulary halkyň ruhy dünýäsinde mynasyp orun aldy, dünýä edebiýatynyň hem nusgasyna öwrüldi.

Häzirki döwürde edebi mirasymyzy öwrenmäge we dünýä halklarynyň arasynda ýaýbaňlandyrmaga örän uly üns berilýär. Halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen bilelikde dünýäniň medeni ösüşine uly goşant goşan türkmen alymlarynyň, şahyrlarynyň döredijilik mirasy çuňňur öwrenilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejede uly dabara bilen bellenilýär. Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatyna uly goşant goşan beýik akyldar hökmünde tanalýar. TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde 2024-nji ýylyň Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi guwandyryjy habar boldy.

Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllary içinde beýik akyldar şahyrymyzyň adyny ebedileşdirmäge, döredijiligini wagyz etmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Magtymgulynyň hormatyna bagyşlanyp, her ýyl şygryýet baýramçylygy bellenilýär. Ýurdumyzyň Ýaşlar guramasy, baýry bilim ojagy bolan Türkmen döwlet uniwersiteti, paýtagtymyzyň esasy şaýollarynyň biri Magtymgulynyň adyny göterýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň beýleki halklaryň arasynda uly hormata mynasypdygyna şol ýazgylaryň diňe käbirine ser salanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Şahyryň beýik, ölmez-ýitmez eserleri bilen birlikde, onuň döredijiligine bagyşlanan neşirleriň hem ýaş nesil üçin uly ähmiýeti bardyr.

Şahyr öz döredijiliginde adamlaryň arasyndaky hormat-sarpany, sylagy belent derejä göterýär. Akyldar şahyr öz goşgy setirleriniň üsti bilen Watanyň bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny hem-de onuň gadyr-gymmatyny beýan edýär. Şahyryň şygyrlary ruhy goldawa teşne ynsanyň kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly Pyragynyň dürdäne paýhaslary nesillere halkymyza mahsus bolan iň ajaýyp adamkärçilik sypatlaryny ündeýär. Ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, edebi mirasyna uly sarpa goýlup, dürli ylmy-amaly maslahatlar, medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň abraýyny, mertebesini belent derejelere göteren beýik akyldar şahyr, milletiň ruhunyň synmajak sütüni bolup durýar. Ol öz döredijiliginde halkymyzyň agzybirligini berkitmegi, özbaşdak döwlet gurmagyny gazanmagy, adam mertebesini belent derejä götermegi ussatlyk bilen beýan etmegi başarypdyr.

Öz halkynyň isleg-arzuwy bilen ýaşan we döreden beýik akyldar Magtymguly Pyragy halkyň agzybirligi ugrunda bütin ömrüni bagyş eden söz ussadydyr. Hut şonuň üçin hem onuň döredijiligi halkymyzyň milli buýsanjydyr. Türkmen halky özüniň beýik şahyr ogly Magtymgulynyň edebi mirasyna uly sarpa goýýar.

Şahyryň eserleriniň dünýäniň dürli halklarynyň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadynyň şahsyýetine we mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Onuň hormatyna Köpetdagyň gerşinde Aşgabat şäherine görk berip duran ýadygärligiň bina edilmegi, akyldaryň dogduk mekanynda, adyny göterýän etrabynda Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň we muzeýiniň açylmagy, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň netijesinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdep bilen birlikde ýadygärlik heýkeliniň, Türkiýäniň Ankara şäheri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde bolsa, beýik akyldaryň ýadygärlik heýkeliniň gurulmagy halkymyzyň akyldar ogluna goýýan çäksiz hormatynyň nyşanydyr.

Türkmen edebiýatynyň taryhynda ilkinji bolup türkmen halkyny birleşdirmek, döwlet gurmak meselesini gozgan akyldar şahyr Magtymguly Pyragydyr.  Muny dana şahyrymyzyň  «Döker bolduk ýaşymyz» atly şygrynyň:

Türkmenler baglasak bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy – Nili.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili –
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz

– diýen,  «Türkmen binasy» goşgusynyň:

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýöriş, açylar gül lälesi

– diýen şahyrana setirleri-de tassyklaýar. Dogduk mekanyňa, ata Watanyňa bolan söýgi, agzybirlik, adalatlylyk, batyrlyk, bir bitewi döwlet gurmak ýaly filosofik pikirler Magtymguly Pyragynyň  ençeme goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Beýik akyldar şahyrymyzyň türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak ideýasy «Türkmeniň», «Türkmen binasy», «Gidiji bolma», «Il ýagşy» we «Ýykmaýan ärden» atly goşgularynda has-da aýdyň beýan edilýär. Hut şu nukdaýnazardan-da, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň örän jaýdar belleýşi ýaly, Magtymguly atamyzyň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri häzirki syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. 

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Sylap ATABAÝEW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.