Bag ekmek — geljek hakda alada
06-11-23

Häzirki ajaýyp döwrümizde asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň özara sazlaşygy ösüşleriň netijeliligini görkezýär. Şeýle beýik işleriň hatarynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak, has-da gözelleşdirmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Bag ekmek dabarasy 4-nji noýabrda hem geçirildi we oňa talyp deň-duşlarymyz, mugallymlarymyz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Ata-babalarymyz ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşip, oňa aýawly garamak, ony goramak ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdirler. Häzirki döwürde tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Altyn güýzde, bereket-bolçulygyň baýramynyň — Hasyl toýunyň öň ýanynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, bag ekmek boýunça ählihalk dabaralarynyň geçirilmegi ata Watana we ene topraga belent söýginiň nyşanydyr.
Bu sogaply işe biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplary we mugallymlary hem işjeň gatnaşýarlar. Muňa biziň institutymyzda şu ugurda guralýan sapaklaryň, medeni-köpçülik çäreleriniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Institutymyzyň mugallymlary, talyplary Arkadagly Gahryman Serdaryymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda geçirilýän bag ekmek möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar. Şonda her ýylyň bahar we güýz aýlarynda ýaş nahallaryň müňlerçe düýbüni oturtmak, olaryň ozal bar bolanlaryna ideg etmek işleri köpçülikleýin ýerine ýetirilýär. Bu bolsa biziň daş-töweregimiziň gözel bolmagyna uly goşant goşýandygymyzy aňladýar. Şonda institutyň okuw-tejribe meýdançalaryna, talyplaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregine, ýanaşyk ýollaryň, ýaplaryň gyralaryna agaç nahallaryny oturtmaga taýýarlanyldy, suw akabalary arassalanyldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga, türkmen topragynyň tebigy baýlyklaryny netijeli ulanyp, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilýän şunuň ýaly belent maksatly işleriň ählisi buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Şeýle ähmiýetli hem asylly ýörelgelerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha dabaralanmagy, türkmen ýaşlarynyň döwletlilik ýörelgelerine laýyk terbiýelenmegine hem oňyn täsirini ýetirýär. Çünki ýaşlar ýurduň syýasy, ykdysady we medeni durmuşy bilen berk bagly bolup, olar ata Watanymyzyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň hiç birinden hem üzňe däldirler. Şoňa görä-de, bag ekmek ýaly asylly hem sogaply işlere, bu ugurda geçirilýän çärelere institutymyzyň gujurly ýaşlary hem gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldeleri bilen döwletli tutumlara, netijeli işlere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Täsin tebigy gözelliklere baý bolan ýurdumyz ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygy taýdan hem tapawutlanýar. Tebigatyň ynsana eçilen bu ajaýyp gözelliklerini goramak we bag nahallaryny oturtmak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki türkmen halky asyrlaryň dowamynda bag ösdürip ýetişdirmegi, köpri gurmagy iň bir sogap iş hasaplapdyr. Bu günki günde ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlary çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp däbe eýerilip, bag nahallary oturdylýar, tebigatyň has-da gözelleşmegine goşant goşulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Ýakup MÄMMETSÖÝÜNOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.