TÜRKMEN MILLI GÖREŞI

07-11-23

Mälim bolşy ýaly, gadymy döwürlerden bäri türkmen milli göreşi toýlaryň bezegi hasaplanypdyr. Uly-uly toýlara alysdan we ýakyndan pälwanlar çagyrylypdyr. Türkmen halkynyň köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli göreşi halkyň durmuşynda biçak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Muňa edebi mirasymyza ser salanymyzda hem göz ýetirýäris. Ençeme asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçip gelýän «Görogly» şadessanyny okanymyzda, Göroglynyň, Bezirgeniň, gelin-gyzlaryň arasynda Harmandäliniň, Aýsoltanyň keşpleri arkaly halkymyzyň durmuşynda göreşiň nähili orna eýe bolýandygyny, pälwanlara nähili hormat-sarpanyň goýlandygyny görýäris. Türkmen milli göreşine taryhyň ähli döwürlerinde aýratyn ähmiýet berlipdir. Şu sebäpli hem, göreş tutýan pälwanlara il içinde uly hormat goýlupdyr.

Türkmen milli göreşiniň has gadymy döwürlerde esasy synaglaryň biri bolandygy hakynda “Oguznama” eserinde aýdylýar. Gadymy döwürlerde türkmen milli göreşi gandöküşikli we uly jedelli meseleleriň öňüni almakda uly ähmiýete eýe bolupdyr. Türkmen halkynyň öz milli göreşini biçak söýendigini göreş bilen bagly çuň manyly nakyllaryň döremegindende görmek bolýar: “Göreşde ataň hem bolsa sylama”, “Göreşen ýykjakdyr, ýaryşan ozjakdyr”, “Göreş bir abraýdyr, uruş bir desdir”, “Ýykylan göreşden doýmaz”.

Geçmişde toýuň esasy göreşiniň bir gün öňünden “Geňeş göreşi” diýip atlandyrylýan göreş geçirilipdir. Şol gün pälwanlar ertir kim bilen göreş tutmaklyga mümkinçiliginiň bardygyny kesgitläpdirler. Türkmen ýigitleri öz milli göreşini sarpalapdyr. Durmuşda has başarjaň ýigitlere göreş tutmasa-da “Pälwan ogul” diýip, göreşiň üsti bilen suratlandyrypdyrlar.

Mundan başga-da türkmen milli göreşinde “Gezek bermek” ýaly düzgüni hem bolupdyr. Häli-häzirlerem “Pälwan, indi gezek sendedir” diýlip aýdylmagy ýöne ýerden däldir. Beýle diýildigi haýsy hem bolsa bir pälwanyň hüjüm etmeklik gezegini alýar diýildigidir. Hüjüm etmek gezegi köplenç halatlarda myhman pälwanlara hormat goýmak maksady bilen berlipdir. Käbir halatlarda bolsa, hüjüm etmegi halaýan pälwanlaryň ikisi hem hüjüm etmek gezegini biri-birinden öňürti almak üçin isleg bildiripdirler .Şu hili ýagdaýlarda hüjüm etmek gezegini bije çekmek arkaly çözüpdirler. Sebäbi, pälwanlaryň ikisi haýsy biri ilki hüjüm emellerini ýerine ýetirse, ýeňiş gazanjakdygyna doly ynanypdyr.

Bedenterbiýe kafedrasynyň ýanynda Talyplar sport kluby hereket edýär. Talyplaryň sportabolanhöwesiniartdyrmak, talyplarda ýokary ahlaklyk, düşünjelik, zähmete taýýarlyk, talyplaryň saglyklaryny berkitmeklik we okuw döwründe işjeňliklerini artdyrmaklyk, talyplarda bedenterbiýe sapaklaryna yzygiderli gyzyklanma döretmeklik hem-de oňa gatnaşmagy endik edinmeklik okuwdan daşary olar bilen sportuň dürli görnüşlerinden türgenleşikişleri geçirilýär. Talyplar sport klubynyň türgenleşdiriji-mugallymlary talyplar bilen sportuň: woleýbol, basketbol, stol tennisi, futbol, gandbol, türkmen milli göreşi, erkin göreş, grek-rim göreşi, dzýu-do, sambo, kuraş  görnüşleri boýunça okuwdan soňra okuw-türgenleşik işlerini geçirýärler. Sportuň: ýeňil atletika,  boks, uşu, küşt, badminton, tennis ýaly görnüşlerinden talyplary şäherdäki sport mekdepleriniň sport zallaryna ugrukdyrylyp, türgenleşik wagtlarynda gözegçilikde saklanylýar.

Kafedra tarapyndan “Bedenterbiýe” dersi boýunça täzeden işlenen nusgalyk okuw maksatnamasy ýerine ýetirildi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan çap edilip Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň kitaphanalaryna paýlanyldy. Häzirki wagtda  Bedenterbiýe atly okuw kitaby, Sambo, Dzýu-do, Türkmen Milli göreşiniň taryhy we düzgünleri, ýaryşlary geçirmekligiň usullary, Gandbol, Woleýbol, Futbol atly okuw gollanmalaryň üstünde işlenilip taýýarlanyldy. Kafedrada bedenterbiýe dersinden talyplaryň bilimlerini bahalandyrmak üçin test ýumuşlary işlenilip taýýarlanyldy.

Nesip bolsa, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz barada edýän aladalaryna jogap edip, irginsiz zähmet çekjekdigimize, türkmen sportunyň halkara abraýynyň artmagyna mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Biz milli ýörelgelerimiziň gaýtadan dikeldilmegi we dünýä ýaýylmagy ugrunda bimöçber işleri amala aşyrýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdýarys!

 Serdar HYDYROW,
Täçmyrat ÝOLLYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bedenterbiýe kafedrasynyň Talyplar sport klubynyň öwrenji türgenleşdiriji mugallymlary.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.