Sanly ulgam — kämil bilim
08-11-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň işini düýpli kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, sanly bilimi ornaşdyrmakda, dürli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda oňyn özgertmeler amala aşyrylýar.
Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde bilim ulgamyna uly orun degişlidir. Muny hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyňlygy bilen görkezýär.
Bilim ulgamy ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde milli we döwrebap tejribeler bilen utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen multimedia tehnologiýalaryny, öňdebaryjy iş tejribäni ulanmak arkaly orta, şeýle hem başlangyç, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap okuw ulgamy kemala getirilýär. Döwrebap okuw ulgamynyň özeni bolup hem sanly ulgam öňe çykarylýar. Häzirki maglumatlar jemgyýetinde bilim ulgamynyň innowasion ýol bilen ösdürilmegine, sanly bilim ulgamynyň doly özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki ýurdumyzda güýçli depginler bilen dowam edýän bilim özgertmeleri döwletimiziň berkararlygynyň, jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, intellektual derejesini ýokarlandyrmagyň, bagtyň we bagtyýarlygyň girewidir.
Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi köp babatda ösüp gelýän ýaş nesliň çuňňur bilimine, zehin-yhlasyna baglydyr. Bilim ýurduň binýadynyň berk bolmagynyň esasy şertidir, sütünidir. Ylmyň iň täze gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan hünärmenleriň kemala gelmegi döwletiň, jemgyýetiň ösüşiniň iň ilkinji we esasy şertidir. Şu nukdaýnazardan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmäge uly üns gönükdirilmek bilen, ähli pudaklarda sanly tehnologiýalar arkaly iş dolandyrylyşy ornaşdyrylýar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda bilim edaralarynyň işi has-da kämilleşdirilip, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ýurdumyzda ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak konsepsiýasy netijeli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda dünýäniň ösen tejribesini we öňegidişliklerini nazara alyp, ýokary tehnologiýalara düýpli nazaryýet bilimlerine we öňdebaryjy ylymlara esaslanan sanly ykdysadyýeti döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygiderli artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär.
Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim alyp, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun, dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin! Biz — ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, akyl taýdan kämil, ökde hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin tagalla edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.
Kemal AÝMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.