Ylymly-bilimli ýaşlar

21-01-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman erdarymyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýaşlara uly ynam bildirýär. Bu gün bedew bady bilen öňe barýan, gülläp ösýän ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ýaşlar mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Şonuň netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna aýratyn üns berýär. Giň gözýetimli, bilimli we ynsanperwer ýaşlary kemala getirmek esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçin hem ýaşlara ýurdumyzda bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertler döredilýär.Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hem-de olary bu işe höweslendirmek ugrunda hem uly tagallalar edilýär.

Hormatly Prezidentimiz giň we uly mümkinçiligi bolan, gujur gaýraty, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýan, ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýeläp ýetişdirmägeukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär, ýaşlary hemme taraplaýyn goldaýar. Olara döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär.

Dünýäde ylmy-tehniki ösüşleriň adamzada giňişleýin hyzmat edýän döwründe, şeýle hem ylmyň ynsan durmuşyna berk ornan döwründe ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, ýaş alymlaryna, talyplaryna uly ynam bildirilýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça iň täze gazanylýan netijeler, açyşlar bilen tanyşmak üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mugallymlary, ylmy-barlag institutlarynyň ylmy işgärleri internet ulgamyndan peýdalanýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlar tejribeli professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işleri ýerine ýetirmäge girişýärler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, Watana wepaly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlar hakyndaky şeýle aladalaryň olaryň çagalyk döwründen başlanýandygyny, bilimlerini artdyrmaga, dünýägaraýşyny ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny yzygiderli berjaý etmäge giň mümkinçilikleriň üpjün edilýändigini bellemek gerek.

Diýarymyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berlen okuw mekdeplerinde ýaşlaryň innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna niýetlenilip, iň häzirki zaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde bilim berlişi dünýä hil derejesine çykarylýar.  Özümiz hakynda döwletimiz tarapyndan edilýän aladalara jogap edip, oňat bahalar bilen okamak, saýlap alan hünärimiziň hakyky eýeleri bolmak üçin geljekde hem tagallamyzy gaýgyrmarys.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, okamaklary, işlemekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Giň dünýägaraýyşly, ruhy we beden taýdan sagdyn, watansöýüji, zähmetsöýer nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekde durmuşa geçirilýän işler bizi örän begendirýär. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişe alkyş aýdýarys.

Ilmyrat GURBANOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmasiýa kafedrasynyň müdiri, himiýa ylymlarynyň kandidaty.

Nurgözel HALYMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kadaly fiziologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.