Baky Bitaraplyk bagty

12-12-24

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşup gelýär. Hususan-da, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny bellemek gerek. Şol ýörelgeleriň düýp esasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty durandyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň iki gezek, ýagny 1995-nji hem-de 2015-nji ýyllarda kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara hukuk ýagdaýynyň dünýäde giňden goldanylýandygynyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin möhüm ýyllaryň biri bolar. Şunda uly şanly seneleri — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny hem-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýratyn bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň netijeleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly dabaralaryň we çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen döredilen guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara çäreleri hyzmatdaşlar bilen bilelikde mynasyp derejede geçirmek üçin ähli zerur işleriň alnyp baryljakdygyna üns çekildi.

Döwletimiziň taryhynyň şöhratly sahypalary şanly Garaşsyzlyk, şöhratly Bitaraplyk döwri bilen baglanyşykly. Çünki ýurdumyz özbaşdak ösüşiň milli ýolunda ähli ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşleri gazanýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň köp ugurlardaky ösüşleriniň gözbaşy bolup, halkara giňişliginde abraýyny artdyrýar we Türkmenistan dünýäniň gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi we bu abraýly guramanyň çäklerinde özüniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlary bilen uly abraýa eýe boldy.

2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy özara bähbitli hyzmatdaşlykda gazanylan taryhy ähmiýetli sepgitleriň biri boldy. Şeýle hem, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2017-nji we 2021-nji ýyllarda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň berkemeginiň hem-de bu işde sebit döwletleriniň Aşgabatdaky merkeze ýokary baha berýändikleriniň ýüze çykmasydyr. Umuman aýdanymyzda, Öňüni alyş diplomatiýasy Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň iň wajyp wezipesi we aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan makullanmagy ähli ýurtlar we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmekde mäkäm binýat bolup durýar. Hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň öz ykbalyny we geljegini özüniň gülledip ösdürmegine, dünýädäki beýleki döwletler bilen bir hatarda, goňşy ýurtlarymyzyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň köpsanly ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär, bütin dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň, halklaryň arasynda dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýar. Döwletimiziň örän oýlanyşykly daşary syýasaty dünýäniň möhüm sebitleriniň biri bolan Merkezi Aziýada howpsuzlygyň, abadançylygyň, durnuklylygyň berkemegine ýardam edýär.Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza 67 döwletiň biragyzdan goldamagynda her ýylyň 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi hem biziň döwletimiziň bu ugurda amala aşyrýan işlerine dünýä bileleşigi tarapyndan uly baha berilýändiginiň özboluşly dabaralanmasydyr. Bu gün Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge itergi berýän möhüm şertleriň biri bolup, dünýä döwletlerini we yklymlaryny birleşdirýär.

Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatçylykly, özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşmak bilen, türkmen diplomatiýasynyň gazananlaryny dünýä äşgär edýär.

Başymyzyň täji Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň güwäsidir. Hemişelik Bitaraplyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyza mizemez ynam hem ruhubelentlik berýär. Şeýle bolansoň, döwlet Baştutanymyzyň daşyna mäkäm jebisleşen halkymyz ösüşli ýollarda beýik işleri bitirip, ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşaýar.

Ähli üstünliklerimiziň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar şu güni hem-de geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli döwletli işleri has-da rowaç alsyn!

 Jeren MURADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.