Hasyl toýy uly dabaralara beslenýär
08-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan ähli babatda bedew batly ösüşlere beslenýär, halkymyza döwletli döwran, abadançylyk ýar bolýar.
Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny düýpli özgertmek we ýokary depinde ösdürmekde, sahawatly türkmen topragymyzyň rysgal-berekedini artdyrmakda netijeli işler ýola goýulýar. Oba hojalygynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy, öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ýokary netijeli önümçiligi üpjün edýän sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy eziz ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegi üçin pugta binýady döretmekde möhüm esas bolup çykyş edýär. Bagtyýar döwrümiziň erkin şemalyndan hümmetlenýän türkmen sähralary bu gün behişdi naz-nygmatlaryň bol hasylynyň bitýän bereketli mekanyna öwrüldi.
Ata-babalarymyzyň gadymy hem baý ekerançylyk medeniýetini ösüşiň täze belentliklerine ýetirmekde, häzirki zaman ylmy bilen utgaşdyrmakda möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde rysgal-berekediň toýy hökmünde uly dabaralara beslenýän Hasyl toýy – döwlet derejesinde uly buýsanç bilen bellenip geçilýär, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Hasyl toýy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary uly ruhubelentlikde geçirilýär. Hasyl toýunyň belent joşguny ýazyjydyr şahyrlarymyzyň şygyr setirlerinde hem öz beýanyny tapýar.
Toý-baýramly ýurdumda belent ykbal sendedir,
Kasamymda-ähtimde synmaz erkim sendedir,
Dowamatyň nesliňde, baky bagtym sendedir,
Goýny aýdymly-sazly, jan watan Türkmenistan!
Hasyl toýy berkarar, döwrüň belent ruhunda,
Bagtyýarlyk mesgeni dost-doganlyk tugunda,
Halkyň belent ykbaly berkararlyk ýurdumda,
Goýny aýdymly-sazly, jan watan Türkmenistan!
Bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna tutulýan Hasyl toýy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Halkymyzyň bagtyýar hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary mundan beýläk hem üstünliklere beslensin! Baýramlaryňyz baýrama, toýlaryňyz toýa ulaşsyn, mähriban adamlar!
Kasymmyrat ÝEGENOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary istitutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.