BILIMLI ÝAŞLAR — beýik we aýdyň geljek
08-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatly ýaşlary ertirki gün ýurdy beýgeltjek türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga söýgä bolan sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy hormatly Prezidentimiziň aýdyň maksatly beýik işleriniň beýanynda öz synmaz ornuny tapdy. Ýylyň şygarynyň hem ýaşlar bilen bagly bolmagy, ähli türkmen ýaşlaryny 2023-nji ýylda has tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlere ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Bir söz bilen aýdanymyzda, 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy, ýaşlara bildirilen uly ynamyň nyşany bolup, bu belent ynama mynasyp jogap gaýtarmak her bir ýaş raýatyň mukaddes borjy bolup durýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini mundan beýläkde dowam etdirmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemme taraplaýyn ösen,ruhytaýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwrüň iň zerur zatlarynyň biridir. Türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz giň we uly mümkinçiligi bolan, gujur gaýraty, maksada okgunlylygy bilen tapawutlanýan, ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamaga we terbiýeläp ýetişdirmägeukyply ösen bilim ulgamyny halkyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň çeşmesi hasap edýär, ýaşlary hemme taraplaýyn goldaýar. Olara döredijilik hyjuwlaryny durmuşa geçirmek üçin ähli şertleri döredýär. Şonuň üçin Hormatly Prezidentimiz özüniň ýokary döwlet wezipesindäki işini ozaly bilen milli bilim ulgamyny düýpli täzelemekden, ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi kämilleşdirmekden, olary häzirki zaman siwilizasiýasynyň kadalaryn aram etdirmekden başlady.
Arkadagly Serdarymyz ýaşlar bilen duşuşan wagty ýurtda alnyp barylýan işler we öňde duran meýilnamalar barada olar bilen söhbetdeş bolýar.Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç kuwwaty, abraý mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar» diýip ýaşlarymyza, olaryň alyp barýan işlerine guwanýandygyny paýhasly belleýär. Ýaşlar eziz Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekýärler. Telekeçilik bilen meşgullanýan ýaşlara goldaw bermek hemde olary bu işe höweslendirmek ugrunda ýurdumyzda uly tagallalar edilýär.
Gahryman Arkadagymyz ruhy ahlak gymmatlyklary we maksatlary durmuş syýasatynyň esasy wezipesi edip goýýar. Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzy ösdürmekde aýgytly şert bolup durýar. Bu örän möhüm işde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň we her bir adamynyň içki dünýäsiniň baýlaşmagynda, ýaşlarda belent ahlak häsiýetleriň kemala gelmeginde türkmen halkynyň özboluşly milli medeniýetiniň orny uludyr. Çünki, ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleriň rowaçlanmagynyň, halkyň mundan beýläkde abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiňköp derejede ýaşlaryň akylpaýhasyna, ukybyna, döredijilikli zähmetineweylhamynabaglydyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ylmy ösüşlere giň ýol açmagy, bilim ulgamyny hasda kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrýan netijeli we düýpli işleri gelejegimiz bolan ýaşlar baradaky beýik işlerdir. Bu beýik işler «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ýurdumyzyň bedew bady bilen ösmegine, öňe, diňe öňe gitmegine badalga berýär.
Ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalara jogap edip, ýaşlara bildirýän uly ynamyny ödemek üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň nusgalyk şahsy göreldesinden ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda öňde goýlan uly wezipeleri durmuşa geçirmekde ýaşlaryň yhlasly zähmet çekjekdikleri şübhesizdir. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.