Döwrebap bilim — başarjaň hünärmen
09-11-23

Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn hem ulgamlaýyn işleriň binýadydyr. Döwlet Baştutanymyz ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, iň täze tehnologiýalaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ykdysady bilimleri öwretmek boýunça alnyp barylýan işler has-da ilerleýär.
Häzirki wagtda bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ykdysady ugurlar boýunça bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman bilimini, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli üýtgeşmeleridir özgerişleri öz wagtynda öwrenip, tiz, mynasyp we döwrebap netije çykarmagy möhüm talapdyr. Çünki milli ykdysadyýetde çeýe pikirlenmäge ukyply, çalt çözgüt kabul edip bilýän kämil hünärmenlere aýratyn isleg bildirilýär. Zähmet bazarynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy we soňky ýyllarda adam maýasyna bolan islegleriň ýüze çykmagy olaryň ukyp-başarnyklaryna bolan talaplary esasy wezipe edip goýýar. Şunda ykdysady hünärlerden bilim alýan talyplaryň döwrebap derejede kämilleşmegi zerurdyr.
Türkmen döwlet maliýe instituty hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda zähmet çekjek ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýerde döwrüň talaby bolup çykyş edýän bilim bermegiň halkara derejeli iki basgançagynda — bakalawr we magistr derejesinde iş ýöredilip, ol eýýäm birnäçe ýyl bäri hojalyk hasaplaşygynda hereket edýär. Sapaklar döwrebap enjamlaşdyrylan okuw otaglarynda okadylyp, talyplara elektron kitaphana we internet merkezi elýeterli edilen. Olaryň geçilýän temalary içgin öwrenmekleri, halkara derejede onlaýn görnüşde geçirilýän bäsleşiklere, maslahatlara we hünär kämilleşdiriş okuwlaryna teleköprüler arkaly gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilen. Saýlap alan ugruna baglylykda, käbir sapaklar iňlis dilinde-de okadylýar. Şunuň ýaly döwrebap şertleriň döredilmegi talyplara ösen döwletleriň ykdysady ýagdaýy bilen has içgin tanyşmaga, olaryň täzeçil usullarydyr taglymatlary milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmaga gatnaşmaklaryna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler üstünlikli dowam etdirilip, bu babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribeden, döwrüň ösüşinden we talaplaryndan ugur alnyp, ulgamy kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary hem geljekde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda zähmet çekjek, döwrebap pikirlenip, tiz, iň amatly çözgütleri kabul etmäge ukyply, döwrüň sesine ses goşup bilýän ýokary bilimli hünärmenleri kemala getirmegi maksat edinýärler.
Biz — ýaşlar okamaga, hünär öwrenmäge we eziz Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga döredilen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Eziz Watanymyza, il-günümize, türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjek hünärmenler bolup ýetişjekdigimize ynandyrýarys.
Amangeldi AMANLYÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.