Sanly bilim — döwrüň talaby

27-11-23

Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak babatda şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmagy maksat edinýän maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiň binýady bolup durýar. Geçen ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi hem bu ulgamyň kämilleşdirilmegine we döwrebap talaplara laýyk getirilmegine uly ünsüň gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu ugra sanly bilim ulgamy giňden ornaşdyrylýar.

Häzirki döwürde adam zähmetiniň häsiýeti we tehnologik mazmuny döredijilik, ukyp-başarnyk, edep-ekram ýaly düzüm birlikleriniň umumylaşmagynyň hasabyna baýlaşýar. Akyl zähmeti bilen fiziki zähmetiň arabaglanyşygy pugtalanýar. Elektron-kompýuter tehnologiýalarynyň döwrebap görnüşleriniň önümçilige çekilmegi işgärleriň umumy we ýörite biliminiň, medeniýetiniň ösmegi bilen utgaşýar. Önümçiligi guramagyň, dolandyrmagyň elektron-kompýuter meýilnamalaşmagy we maglumatlaşmagy, sanly ykdysadyýete geçilmegi önümçiligiň ähli düzüm birlikleriniň tehniki we tehnologiýa esasyny özgerdýär. Şonuň üçin bilim edaralarynda okuwlaryň sanly bilim esasynda guralmagy bilimiň yzygiderli häsiýete eýe bolmagyny, ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň kämilligine oňyn täsir edýär.

Biz maglumatlaryň durmuşymyza barha giňden ornaşýan, sanly ösüşleriň yzygiderli üýtgäp duran jemgyýetinde ýaşaýarys. Smartfon durmuşymyzdaky hemişelik hemramyza öwrüldi, uzakdan buýruk bermek esasynda dürli enjamlary herekete getirýäris. Şeýlelikde, sanly özgertmeler — bu diňe bir tehnologiýa däl-de, ilki bilen durmuşy ýagdaýa öwrülýär we mekdep bilimi ulgamynda hem giňden öwrenilmegini talap edýär. Şonuň üçin-de, sanly bilimiň mekdebe täsiri barada aýdylanda, gürrüňiň diňe bir mekdep tagtasynyň interaktiw tagtalaryna, okuw kitaplarynyň noutbuklara ýa-da mekdep üçin «bulut ulgamlaryna» we okatmagyň dolandyryş ulgamlaryna çalşyrylmagy hakynda däldigini unutmaly däldiris.

Häzirki sanly bilimiň kämilleşýän döwründe okuwçylary bu ugra has işjeň çekmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça maglumatlary toplamak, bellibir ugry çuňlaşdyryp öwretmek üçin olaryň degişli çykyşlary taýýarlamaklaryny gurnamak, sowal-jogap alyşmak, bäsleşikleri yglan etmek ýaly çäreleri geçirmek, sanly aragatnaşyk arkaly beýleki mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikleri guramak, sanly aragatnaşykda duşuşyklary geçirmek, ussat mugallymlaryň okuw sagatlaryny gurnamak ýaly çäreler netijeli häsiýete eýedir. Sanly aragatnaşygyň üsti bilen, bu hyzmatdaşlygy has ýygy-ýygydan we maksatlaýyn ugurlar boýunça geçirmek maksada laýykdyr.

Ýurdumyzyň bilim işgärleri ýaş nesilleriň kalbyna ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Watanymyzyň ylymly-bilimli, mynasyp eýeleri bolmalydyklary baradaky beýik ynamy guýmaga borçludyrlar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berýän, ýaş nesliň ähli taraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary rowaç alsyn!

Bilal MEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Ýolbaşçy mugallymy Sylapberdi MEREDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.