Bilim ulgamynda döwrebap mümkinçilikler

27-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilime aýratyn üns berilýär, sanly bilim ösdürilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagy üpjün edilýär. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.

Her ýyl ak mekdeplere ilkinji gezek gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu möhüm resminamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim bermek, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde bilim portaly döredildi. Bu täze gurluş maglumatlary toplamagyň, olary ulgamlara bölmegiň we seljermegiň, netije çykarmagyň hem-de talap edilýän ýere ibermegiň elektron çeşmesi bolup hyzmat edýär. Milli bilim ulgamynyň häzirki ösüşli döwründe sanly tehnologiýalar bu pudaga giňden ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň içerki sanly bilim bazary bu ulgam üçin ygtybarly çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär. Ähli taslamalar sanly tehnologiýalara we tehniki çözgütlere, olary ulanmagyň usullaryna esaslandyrylýar. Bilim ulgamyndaky maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek bilen taslamalary, internet saýtlaryny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeler çözülýär.

Bilim edaralary elektron dolandyryş ulgamyna geçirilýär. Bu babatda aýdyň ugurlar kesgitlenýär hem-de olar tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Hususan-da, dersleriň okuw maksatnamalaryna, sanly gurşawyň talaplaryna laýyklykda, täze düşünjeler girizilýär. Dersler boýunça okuw kitaplary we okuw gollanmalary, täze tehnologiýalara laýyklykda, elektron göterijilerde taýýarlanylýar.

Ýokary okuw mekdepleriniň durmuşynda elektron okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň giňden ulanylmagy okuwyň netijeliligini belli bir derejede ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bulardan başga-da, ýokary okuw mekdepleri üçin elektron göterijileriň barha täze nesli döredilýär. Milli bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy bilen häsiýetlenýän häzirki döwürde ýokary okuw mekdepleri dünýä internet toruna birikdirilendir. Şeýlelikde, mugallymlar we talyplar ýokary tizlikli internetiň maglumat gorundan peýdalanmaga giň mümkinçilige eýe boldular. Internet saýtlarynyň köplügi internet portalyny döredýär. Biziň talyp deň-duşlarymyz saýlap alan hünäri boýunça şol saýtlaryň maglumatlaryny islendik wagtda alyp bilýärler hem-de okuw we tejribe işlerinde peýdalanýarlar. Sanly bilim serişdeleriniň okuw-terbiýeçilik işlerine giňden ornaşdyrylmagy her bir talybyň öwrenýän derslerini özbaşdak özleşdirmekleri üçin örän amatly şert döredýär. Bilim portallarynyň işini ýola goýmakda ýokary okuw mekdeplerinde belli bir tejribe toplanyldy. Häzirki wagtda ýokary okuw mekdepleriniň bilim portallary zerur bolan sanly çeşmeler bilen doldurylýar we sany ýylsaýyn artdyrylýar.

Dünýäniň bilim ulgamyndaky özgertmeleri, täzelikleri, tejribäni sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen toplaýarys we açyk hem-de peýdaly internet katalogyny döredip bilýäris. Sanly bilim portalynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ylmy makalalary, wideosapaklar toplanylýar. Şular bilen birlikde, okuw-görkezme esbaplary, ensiklopediýalar, kitaplar, ýokary okuw mekdepleriniň sapaklarynyň hem-de talyplaryň okuwdan daşary taslama işleriniň, ylmy-usuly maslahatlaryň, halkara ders, taslama bäsleşikleriniň ýazuwly beýany we beýleki maglumatlar hem baý çeşme bolup hyzmat edýär.

Biz talyp ýaşlara okamaga, öwrenmäge, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.

Ayjemal ISAKOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň Bank işi we pul dolanyşygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.