Bag — durmuşyň bezegi
09-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny aýawly saklamak we ony geljekki nesillere ýetirmek ugrunda bimöçber işler alnyp barylýar. Şeýle asylly ýörelgeleri dowamata öwürýän beýik işleriň biri-de ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň giň gerime eýe bolmagydyr.
Tomsuna saýasynda dynç alanyňda, janyňa şypa berýän saýaly baglar tebigatyň eçilen peşgeşidir. Şonuň üçinem Gara Seýitliýewiň:
«Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýä kitabynda onuň ady bar»
— diýip ýazyşy ýaly, bereketli topraga bag ekmek tebigatyň gözelligine gözellik goşmakdyr. Şeýle bolansoň, halkymyz ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanylýan tebigaty aýawly saklamaga, onuň bilen ysnyşykly ýaşamaga çalyşýar, ene topragy gözüniň göreji ýaly ezizleýär.
Ekologiýa howpsuzlygy boýunça ýurdumyzda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler aýratyn üns merkezinde saklanýar. Tebigaty goramak ulgamynda hereket edýän milli kanunçylygymyz ösen döwletleriň kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilip, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa meselelerine bagyşlanan halkara maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmegi eziz Diýarymyzyň bu ugurda ýokary tejribeli döwletdigini görkezýär. «Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň» we «Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ekologiýa syýasatynyň aýdyň miweleridir. Tutanýerli işleriň netijesinde paýtagtymyzyň töwereklerinde hem-de welaýatlarda tokaý zolaklarynyň çäkleri barha giňelýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tebigaty goramak boýunça toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berýär. Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bag ekmek işleri alnyp barylýar. Bu sogaply iş ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam berýär. Baglar ilatly ýerleri tomsuň jöwzasyndan, tozandan we güýçli ýellerden goraýar, topragyň gatlaklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga täsirini ýetirýär. Adamlaryň saglygy üçin oňaýly şertleri döredýär.
Ýurdumyzyň tebigaty — halkymyzyň milli baýlygy. Tebigaty gorap saklamak, bag nahallaryny oturtmak biziň mukaddes borjumyzdyr. Ýaşyl baglar bagtyýar durmuşymyzyň bezegidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen guralýan ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl uly ruhubelentlige beslenýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde hem-de tebigat baýlyklaryna aýawly çemeleşmekde, ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakda amala aşyrylýan işler hemmeleri buýsandyrýar. Ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmeginiň netijesinde eziz Diýarymyz miweli hem saýaly baglaryň, tokaýlyklaryň mekanyna öwrülýär.
Her ýylda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýz paslynda hem ählihalk bag ekmek dabarasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatymyzyň ähli etrap-şäherlerinde guramaçylykly geçirilip, oňa ildeşlerimiz ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar, bag nahallaryny oturtdylar hem-de ozal ösüp oturan baglaryň daş-töweregini arassalap, timarlamak işlerini geçirdiler. Amala aşyrylan şeýle işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bagy--bossanlyga büremegi, gök zolaklary döretmegi göz öňünde tutýan uzak möhletleýin maksatnamasynyň üstünliklere beslenýändiginiň güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň esasy toplumy tebigaty baýlaşdyrmak, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýaly çözgütleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilýär. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy döwletimiziň «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Bu günki günde ata-babalarymyzyň ajaýyp däp-dessurlary çuňňur many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp däbe eýerilip, bag nahallary oturdylýar, tebigatyň has-da gözelleşmegine goşant goşulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri mynasyp dowam edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Şamuhammet MYRATBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.