Ulag ulgamy — baglanyşyk köprüsi
09-11-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyz dost-doganlygyň, gülleýşiň baky mekanyna öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp zamanamyzyň ösüşlere-özgerişlere beslenýän menzilleri dogrusynda söz açylanda, uzak geljegi nazarlaýan tutumlar, dünýä ýaň salýan täzelikler göwün guşuňy has-da ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýýär. Häzirki wagtda ulag-logistika ulgamynyň möhüm ugurlary işjeňleşýär, bu bolsa halklary hem ýurtlary, sebitleri hem yklymlary biri-birine ýakynlaşdyrýan, söwda-ykdysady, ruhy-medeni gatnaşyklaryň dürli ugurlaryny öz içine alýan hyzmatdaşlyklara itergi berýär.
Ata-babalarymyzyň: «Ýodany yzlasaň ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen ajaýyp sözi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ýollar öz maksatlaryňa tarap ynamly gitmek üçin gerek! Ýollar dostluk hem doganlyk üçin gerek! Hyzmatdaşlyk hem ösüş üçin gerek! Dünýäniň abadançylygy hem halklaryň eşretli ýaşaýşy üçin gerek!.. Ine, şundan hem biziň beýik maksatlarymyz, bitirýän işlerimiziň manysy görünýändir. Elbetde, bu uly maksatlara ýetmek üçin her ýurduň öz ösüşi, öz mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn herekete getirmegi hem zerurdyr» diýip aýratyn nygtaýar. Şundan ugur alyp, Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraýy yzygiderli artýar. Türkmenistan üçin 2022-nji ýyl Birleşen Milletler Guramasyna agzalygynyň 30 ýyllyk şanly sene bilen şöhratlandy. Biziň ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ilkibaşdan strategik häsiýete eýe boldy. Hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna, şeýle hem bu guramanyň ugurdaş düzümlerine, hususan-da, geňeşleriniň, komitetleriniň we komissiýalarynyň düzümine köp gezek saýlanyldy. BMG bilen arkalaşykly işläp, ýurdumyz sebit we ählumumy ösüşiň esasy meselelerine jogapkärçilikli çemeleşýändigini, çözgütleri bilelikde gözleýändigini hem-de işläp taýýarlaýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzyň öňe süren we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» hem-de «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalar biziň diplomatiýamyzyň üstünligidir. Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara syýasatyň ykrar edilen we täsirli şertine öwrüldi. Özüniň häzirki zaman şertlerine doly laýyk gelýändigini, örän zerurdygyny we ählumumy ösüşiň esasy ugurlaryna gabat gelýändigini doly subut etdi. Hemişelik Bitaraplygymyza esaslanyp, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak mümkinçiliklerini artdyryp, Türkmenistan daşary syýasat ugruny ynamly we üýtgewsiz durmuşa geçirýär. Öz strategik maksatlaryny, ileri tutýan ugurlaryny üstünlikli amala aşyrýar.
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ulag ulgamyna möhüm orun degişlidir. Bu ugurda Türkmenistan sebit we yklymara derejede ýaýbaňlandyrylan multimodal üstaşyr ulag we logistika düzümlerini kemala getirmek boýunça iri taslamalaryň başyny başlaýar. Türkmenistanyň çäk taýdan amatly ýerleşmegi hem-de ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi daşary ýurtly işewürler, şol sanda Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda köpugurly ulag ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijesini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň deňiz ulag ulgamynyň düzümi giňeldilýär, täze awtomobil, howa, demirýol ulag merkezleriniň we geçelgeleriniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty özüniň häzirki derejesinde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça halkara ähmiýetli iri ulag merkeziniň biri bolup durýar.
Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Gahryman Arkadagymyzyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn başlangyçlary ulag ulgamynda-da özara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny «ýaşyl» portlaryň hataryna goşmak, oňa «EcoPort» şahadatnamasyny almak babatda degişli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň deňiz ulagy ulgamy halkara gatnaşyklary ösdürmäge, Hazar deňziniň ekologik deňagramlylygyny üpjün etmäge we tebigaty goramak babatdaky ähli wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýar.
Ulag ulgamy — baglanyşyk köprüsi. Ulag-logistika ulgamyny ösdürmäge döwlet derejesindäki tagallalaryň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Azamjan JORAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.