Bütindünýä durnukly ulag güni
09-11-23

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy esasynda kabul edilen Kararnama laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi. Bu halkara resminama ýurdumyzyň durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde durmuşa geçirýän umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlanýandygynyň nyşanydyr. Halkara derejesindäki şanly senäniň bellenilýän gününiň 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly bolmagy has-da buýsandyrýar. Şol forum hem-de 2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Awazada geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat yklym we dünýä derejesindäki ulag-üstaşyr geçelgeleri işjeňleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň sebitde we dünýäde ulag ulgamyny ösdürmek babatda öňe süren möhüm başlangyçlarynyň birnäçesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidildi. «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary üpjün edilmegi ugrunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi bu hakykatyň aýdyň mysallarydyr.
Türkmenistan Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ulag ulgamlary hem-de Merkezi Aziýa — Hazar deňzi — Gara deňzi we Merkezi Aziýa — Pars aýlagy ulag ugruny ösdürmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz dürli ýurtlaryň Baştutanlary bilen geçirýän ýokary derejedäki gepleşiklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň hatarynda ulag ulgamyna uly ähmiýet berýär. Daşary ýurtlara guralýan döwlet we resmi saparlarynda gol çekilýän resminamalaryň hatarynda ulag ulgamy babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky ähtnamalaradyr ylalaşyklara aýratyn orun berilýär.
Hut ýakyn günlerde bolup geçen taryhy ähmiýetli forumlarda hem ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen baglanyşykly garaýyşlaryna uly orun berildi. Şu ýylyň 18-19-njy maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde guralan «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum — 2023» XIV halkara ykdysady forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň geçiren duşuşyklarynda ulag düzümleriniň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli işler we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegi bilen baglanyşykly meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. 19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny» dikeltmek strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigine ynam bildirdi. Arkadagly Serdarymyz Merkezi Aziýa sebitiniň hem-de Hytaýyň giňişliklerinde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmekde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmäge gönükdirmegiň aýratyn möhümdigini belledi.
Garaşsyz Watanymyz durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek babatda diňe bir möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça nusgalyk işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda sebit ähmiýetli ulag düzümleriniň birnäçesiniň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşyklary dowam edýär. Türkmenistan demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary babatda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirip, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen amala aşyrylýan nusgalyk işleriň dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinden orun alyp, ýurdumyzyň öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň Milletler Bileleşiginiň gyzgyn goldawyna eýe bolmagy her birimizi buýsandyrýar. Watanymyzdan dünýäniň çar ýanyna uzaýan dost-doganlyk ýollary külli adamzadyň abadançylygyny nazarlap, ýagty ertirlere ynamymyzy berkidýär.
Kerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.