Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
09-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni uly üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Döwlet derejesinde nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär. Nesilleri mähir-söýgi bilen gurşap, durmuşda dogry ýola ugrukdyrmak arkaly, terbiýäniň möhüm görnüşlerini ulanmak, çagalaryň kalbyna nusgalyk edep kadalaryny guýmak hemişe-de möhüm bolup durýar. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň, jemgyýetiň uly orny bar. Umumymilli orta bilim berýän, ýörite orta hünär we ýokary okuw mekdepleri hem terbiýäniň möhüm ojaklarydyr.
Berkarar Diýarymyzda bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmyň, tehnikanyň gazananlaryny giňden ulanmak, ylmy barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, bilim ulgamynyň işini dünýä tejribesiniň gazananlarynyň derejesinde kämilleşdirmek babatda gysga döwürde bitirilen beýik işler bu gün halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ylmyň we bilimiň, ýokary tehnologiýalaryň ösen häzirki döwründe ýurduň mundan beýläkki ösüşini, bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek wezipesi hem köp babatda ykdysadyýetiň innowasion görnüşiniň kemala getirilmegi bilen pugta baglydyr. Bu möhüm wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmeginiň esasy şert bolup durýandygy hemmämize mälimdir.
Bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işleriň ählisiniň düýp özeninde, ilkinji nobatda, ýurdumyzda geljekde hem kuwwatly ösüşleri üpjün etmek üçin berk binýady emele getirmek, halkymyzyň eşretli we şöhratly geljegi, ylymly-bilimli, lebzihalal, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek meselesi esasy orunda durýar. Çünki bilim-ylym ynsanyň dünýägaraýşyny ösdürýär, kuwwatyny artdyrýar. Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler bir bitewülige öwrülip, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň yzygiderli ösüşine kuwwatly itergi berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halk hojalygynyň ähli ulgamlary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wajyp wezipäni üstünlikli berjaý edýärler. Ylymly-bilimli nesil jemgyýetiň ösüşine kuwwatly itergi berýär. Hut şu belent maksatlaryň netijesinde, häzirki wagtda Türkmenistanda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen, öňdebaryjy tilsimatlardan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip bilýän hünärmenleriň täze nesli kemala getirilýär. Türkmenistanda ylym-bilim ulgamynyň dolandyrylyşy, maliýeleşdirilişi, gurluşy, hukuk binýady tapgyrma-tapgyr döwrebaplaşdyryldy.
Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine degişli köpugurly şertleri kemala getirdi. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryndan işjeň ýagdaýda peýdalanylmagy ösüşleriň gazanylmagyna we döwletimiziň hemmetaraplaýyn rowaçlanmagyna, önümçiligiň döwrebap düzümleriniň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Bu bolsa Watanyň şöhratly ösüşleri, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolýan päk yhlasly, hakyky watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, ylymly ýaşlarymyzyň ýetişdirilmegine gönükdirilen wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegini üpjün etdi. Ýurdumyzyň soňky ösüş ýyllarynda döwrüň talap edýän hünärleri boýunça ata Watanymyzda we onuň çäginden daşarda ýokary bilim alýan ýaşlarymyzyň sany has-da artdy. Elbetde, munuň özi jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has ýokarydygyny, ýaşlarymyzyň bilim almaga, ylymly bolmaga höwesiniň barha artýandygyny aňladýar. Bu ugurda amala aşyrylýan beýik işler berkarar Diýarymyzda ylym-bilim binýadynyň berkden tutulýandygynyň, ýurdumyzyň şöhratly geljeginiň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutymyzy üstünlikli tamamlaýan ýaş hünärmenler ulag we kommunikasiýa ulgamynyň edaralaryna we kärhanalaryna işe ýollanýar. Institutymyzyň sanly portalynda okuw kitaplarydyr gollanmalar, okuw dersleri boýunça professor mugallymlaryň audio we wideo ýazgylary goýulýar, kitaphanamyzda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda sanly bilim portaly we elektron resminama dolanyşygy işe girizildi. Institutymyzyň internet web-saýty döredildi we talyplara elýeterli edildi. Institutymyzyň professor mugallymlary ýokary bilimli, başarnykly hünärmenleri ýetişdirmekde, bu ugurdaky işleri giňeltmekde we çuňlaşdyrmakda agzybirlikli zähmet çekýärler. Bu bolsa talyplaryň bilim derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýeti örän ýokarydyr. Ýurdumyzda bilimi, ylmy ösdürmäge, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!
Wepa ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.