Ylym öwrenmek sungaty

17-05-22

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly nusgalyk kitabynda: “Ylymly adam bolmak il-ulsuň öňündäki borçlulykdyr” diýen dürdäne setirlere gabat gelýäris. Ylym öwrenmek hem özboluşly ajaýyp bir sungatdyr. Häzirki döwrümizde türkmen halkynyň “Sallançakdan başlap ömrüň ahyryna çenli ylym öwrenmeklik” ýörelgesi global derejede öňe sürülýär. Öwrenmegiň şahsy aýratynlyklara laýyklykda dürli görnüşleri bar. Olary umumylykda aşakdaky ýaly toparlara bölmek mümkin:

  1. Ylmy seljermek.

Maglumatlar bilen ylmy tapawutlandyrmak möhüm ýagdaý. Kitapsöýüjiler köplenç halatda özleriniň höwes edýän ynsanlarynyň ýa-da üstünlikli adamlaryň maslahat berýän kitaplaryny okamaklyga ýykgyn edýärler. Ýöne has dogrusy häzirki ýagdaýyňyzdan gelip çykýan, şoňa mahsus kitaplary okamaklykdyr. Bir kitaby birnäçe gezek okanymyzda onuň dürliçe täsir etmegi hem şundandyr. Ynsanyň durmuşdaky ornynyň, jogapkärçiliginiň we zerurlyklarynyň ýyllaryň dowamynda üýtgemegi bilen kitapdaky mazmun hem özgerýär.

  1. Ylym näme üçin gerek. 

Öwrenen zatlarymyzy durmuşymyzdaky müşgilleri çözmek üçin ulanyp bilýän bolsak bu ylymdyr. Hiç bir halatda peýdalanyp bilmejek zadyňyz bolsa maglumatdyr. Günümizde internet arkaly köpsanly ylmy maglumatlara gabat gelýäris we gyzyklanyp okaýarys. Olar biziň üçin täsirli makala bolup biler ýöne şol ugurdan okaýan, işleýän adamlara ol ylymdyr. Ylym öwrenilende özüňize berilmeli esasy sorag bu, ony nirede işledip boljakdygyny soramaklykdyr.

  1. Ylym nähili alynýar.

Ähli pikirlere adamlaryň şahsy garaýyşlary bar. Bilim bolsa şol pikiriň özgermegi bilen hasyl bolýar. Daşardan gelýän maglumatyň içki pikirlerden üstün çykmagy bilen adam öň özünde bar bolan pikiriň ýalňyşdygyna göz ýetirýär.

Kiçi göwünli, pes pälli bolmak ylmy çalt almaklyga kömekçidir. Ylym ynsanyň başyndaky altyn täçdir, ýöne öwrenilende men-menlige ýol berip, öz pikirlerimizi öňe sürüp, garşymyzdakyny diňlemezlik uly ýaňyşlykdyr. Ylym almak üçin başgalar tarapyndan yzygiderli bildirilýän bellikler, ýalňyşýandygyňy subut edýän deliller gerek. Mugallym ylmyň çeşmesi. Internet hem şeýle, ýöne ol ýalňyşlaryňy aýdyp, düzetmäge şert döredip bermeýär. Mugallym bolsa ylymyny okuwçynyň ýalňyşyna seredip, dogurlap berýär. Hereket we ýalňyşlyk bilim almagyň ýeketäk ýoly.

Ylym almakda her kim özüniň tejribesini paýlaşýar. Ýöne bularyň size dogry gelmezligi hem mümkin. Şonuň üçin ählisini tejribede synap, öz mümkinçilikleriňize laýyk gelýänini tapyp bilmeli.

  1. Ýatda saklamak.

Bilim alynan wagty kellämizdäki pikir täzelenýär. Şonda okaýan ýa-da özleşdirýän zadymyzy berkitmek üçin 30 sekuntdan az bolmadyk pauza gerek. Ylmy kitaplar arakesmesiz okalanda täze neýron baglanyşyklary hasyl bolmaýar. Maglumatlary  analiz etmek üçin wagt zerur. Bu diýmek,  öwrenilýän zat ýada (aňa) berkidilenok diýmegi aňladýar. Geçiji maglumat hökmünde gelip, hemişelige geçenok. Ýöne haçanda okap otyrkak pauza berip, pikirlenmäge başlananda yzygiderlilik emele gelip öňki bar bolan maglumatlar baýlaşyp, hemişelik ýa-da uzakmöhletleýin ýada (aňa) geçýär.

  1. Ylmy paýlaşmak.

Ylyma – zerurlyk gerek. Ony ulanyp boljak ýeri anyklamak möhüm. Maglumaty bilmegimiz oňa düşünendigimizi aňlatmaýar. Ýadymyzda galmagy üçin düşünmek gerek. Haçan biz düşünendigimize göz ýetirýäris? Haçanda aňlan zadymyzy 12 ýaşly çaga düşündirip biljek derejede mowzugy sadalaşdyranymyzda. Düşünen zadymyzy şol ylma mätäç adamlar bilen paýlaşmak örän peýdaly. Bilýän bilen bilmeýäniň tapawudy tejribede mysallar arkaly subut etmekde ýüze çykýar. Bilim berýän adam, bilim alýan adamdan hemişe üstünliklidir. Bölüşmek bilimi berkidýär.  

Nuzgözel POTYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.