BEÝIK AKYLDAR MAGTYMGULY PYRAGY
28-11-24
Halkymyzyň akyldar şahyry Magtymgulynyň eserlerini öwrenmek biziň döwrümizde hem dünýä ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Taryhda A.Wemberi, A.Samoýlowiç, Ý.Bertels ýaly başga-da ençeme dünýä alymlar Magtymguly Pyraga, onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyna uly baha berip, ençeme ýazgylary miras goýup gidipdirler. Şonuň ýaly-da, şahyryň goşgulary ençeme dillere terjime edilip, dünýä okyjylaryny buýsandyrdy. Magtymgulynyň goşgusyna aýdym aýtmadyk türkmen bagşysy ýok bolsa gerek.
Magtymguly ilini-gününi jany teni bilen söýen şahyrdyr. Ol şygyrlarynda ähli güýji kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa edýän hyzmatyňa, goýýan gadyr-gymmatyňa baglydygyny yzygiderli nygtaýar. Islendik meseläniň çözgüdine halkyň nukdaýnazaryndan garap, il-günüň bähbidini öňe sürýär. Hakyky adamkärçiligiň hut il-ýurt meselesi, oňa bolan yhlasyň, söýgüň bilen baglydygyny okyjynyň aňyna pugta ornaşdyrmaga çalyşan şahyryň şyrgyrlaryda hut şu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Halk durmuşyndan daşda bolmadyk şahyryň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli, ýakymly täsirlidir. Hut şonuň üçin hem her bir türkmen maşgalasynda Magtymgulynyň goşgularyny uly gyzyklanma bilen okalýar. Çünki akyldar şahyryň goşgulary nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin gymmatly gollanmadyr. Magtymguly ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edýär. Şahyryň goşgulary hünärli bolmagy, zähmeti söýmegi ündeýär. Kesp-käriň, hünäriň bolmasa, jemgyýete peýdasyzdygyny beýan edýär. Şahyryň goşgularynda hünär öwrenmek, bilimli bolmak, adamlara kömek etmek ýaly ýörelgeler wagyz edilýär. Ulyny sylamak, oňa hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belent saklamak ýaly häsiýetler wesiýet edilýär. “Edebiň ýagşysy ulyny syla” diýmek bilen, edeplilik, sylag hormat wagyz edilýär. Magtymgulynyň döredijiliginde nesil terbiýesi, ylym-bilim meselesi düýpli goýulýar. Akyldar şahyr aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmek ugrunda zähmetini, ylhamyny gaýgyrmaýar. Magtymgulynyň halk diliniň baýlygyny ussatlarça ulanmagyna, milli ruhy gahrymany orta çykarmagyna Döwletmämmet Azadynyň mekdebini geçenligi aýdyň şaýatlyk edýär.
Magtymgulynyň watançylygy nusga alarlykly bolup, onuň galdyran edebi mirasy dury akabaly, tämiz gözbaşly çeşmedir. Ol Watany wasp eden hyjywly şahyr, başarjaň terbiýeçi hökmünde ýaş nesliň hem kalbynda uly orun aldy. Munuň özi beýik nusgawy şahyrymyzyň türkmen halkynyň öňünde bitiren hyzmatlarynyň örän uludygyny görkezýär.
Gündogar edebiýatynda öçmejek yz goýan, poeziýa äleminde ady altyn harplar bilen ýazylan beýik akyldarlaryň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Onuň bize galdyran döredijiliginiň gymmatyna diňe bir çeper söz, şygyr jähetden baha berilse, Magtymgula diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Oňa şygryýet dünýäsiniň täjini başyna geýen hökümdar diýsek hem ýalňyşmaýarys.
Magtymgulynyň ady, onuň şahyrana owazy öz döwründe we şondan soňraky ýyllarda, aýratynam Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki umumy döwlet syýasatynyň netijesinde, ýedi yklyma ýaýbaňlanýan ýaň bolup, älem-jahana ýaýrady. Bu adyň özboluşly, iňňän gymmatly tarapy onuň ýeke-täk bir şahsyýetiň mertebesini aňlatman, eýsem, tutuş bir milletiň – türkmeniň at-owazasyny, abraýyny tug kimin belende galdyrandygy bilen häsiýetlendi. Şahyryň mertebesi, onuň türkmeniň taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir.
Magtymguly türkmeniň kalbyna iň beýik ynanç, aňyna bolsa durmuşyň ýagşysyny-ýamanyny hatasyz seljerýän mähek daşy, göreçlerine öçmejek nur bolup çaýyldy. Dogrusyny dogry aýtmaly, batyrlygyň, adamkärçiligiň azatlygyň, zähmetsöýerligiň, halallygyň, watanperwerligiň, parasatlylygyň, kiçigöwünliligiň, kanagatlylygyň, oňşuklylygyň, myhmansöýerligiň, umytlylygyň we adama mahsus gaýry birnäçe oňat häsiýetleriň hemmesini özünde jemleýän türkmeniň hakyky bitewi keşbi häli-häzirlerem Magtymgulynyň döredijiligindäki ýaly derejede doly we köptaraply, çeper we çuňňur, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçişi ýaly ähli döwürleriň durmuş hakykatyna laýyk gelýän röwüşlerde şekillendirilen däldir. Onuň şygyrlary öz döwründe ynsan kalbyny epgekden we gurakçylykdan halys surnugan topraga ýagan sahawatly ýagyş ýaly gandyrdy. Ol diňe bir öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini özgerdiji, terbiýeleýji güýç bolup durýar.
Beýik akyldaryň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup ýazylan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.Asyrlaryň jümmüşinden ýol ýasap, häzirki günlerimize gelip ýeten şygyrlarynyň aglaba bölegi bolsa edep-terbiýeçilik, watançylyk şygyrlarydyr. Beýik akyldaryň watançylyk goşgularynda watançylyk duýgusynyň inçe we ýiti beýan edilmegi hakyky taryhy mazmuna eýedir. «Türkmeniň» goşgusynda «Jeýhun bilen Bahry-hazar arasy» diýip bir setirde türkmen kartasyny suratlandyrmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Magtymguly Pyragynyň esasy öňe süren maksady bolsa türkmeniň bir bitewüligini gazanmak, jebis bir döwleti gurmak bolupdyr. Ol bütin ömründe berkarar döwletiň arzuwynda gezipdir. «Türkmeniň», «Gürgeniň», «Türkmen binasy», «Istärin» ýaly goşgularyny muňa mysal getirmek bolar.
Said BAZARBAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar wekiliýetiniň Hindistan bilen tanyşlyk sapary
Häzirki döwürde ýaşlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeniýetleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we ylym-bilim ugrundaky täze tejribeleri alyşmak aýratyn ähmiýete eýedir. Şu maksat bilen 2026-njy ýylyň 24-nji marty 2-nji apreli aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbai, Goa we New Delhi şäherlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda tanyşlyk sapary geçirilýär.
Türkmenistan Serbiýada geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Serbiýa Respublikasynyň Belgrad şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2027” Bütindünýä ýöriteleşdirilen sergisine Türkmenistanyň ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
MILLI ÝÖRELGELER DOWAMAT-DOWAM
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda halkymyzyň şöhratly taryhyny we baý medeni mirasyny aýawly saklamak hem-de bütin dünýäde giňden wagyz etmek wezipesi üns merkezinde durýar.
BEDEW BATLY ROWAÇ ÝYL
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. 2026-njy «Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» ýylyna uly ynam, belent ruh bilen gadam basdyk. Türkmen halkymyzyň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň şöhratly taryhymyzdan şu günimize çenli gelip ýeten şan-şöhraty egsilmezdir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.