Ýokary tizlikli awtomobil ýoly
14-11-23
Eýsem, biziň aňymyza giren durmuşymyza ornaşan “ awtoban” sözi nämäni aňladýar? Taryh dünýäde ilkinji şeýle ýoluň 1924-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Italiýanyň demirgazyk böleginde gurlup, Milan bilan Warseli aralykda 85 kilometre uzandygyny habar berýär. Italýança bu ýol “awtostrada”diýlip atlandyrylypdyr. Häzirki statistika maglumatlara görä, Italiýa döwletinde şeýle ýollaryň uzynlygy 7 müň kilometre ýetýär.
1932-nji ýylda Germaniýanyň Kýöln hem Bonn şäherleriniň arasynda gurlan 20kilometrlik ýokary tizlikli ýol “awtoban” diýlip atlandyrylypdyr. Germaniýa Federatiw Respublikasy şeýle ýollary gurmakda iň tejribeli ýurtlaryň birine öwrülip , dünýäde özüni görkezen döwlet boldy. Anyk aýdylanda , Ýewropanyň gujagyndaky gür tokaýly, öleňli, derýaly, kölli bu ýurduň şäherlerindäki, uly ilatly ýerlerindäki adamlar awtobanlaryň 13 müň kilometrinden peýdalanýarlar.
Indi türkmen ýurdunda hem şeýle ýol gurulýar.Türkmen halkynda ak arzuw-dilegleriň biri «ýol» sözi bilen baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz ýol bilen bagly «Ýoluň açyk bolsun! Ýoluň ak bolsun!» ýaly alkyşlary, «Il ýörän ýer — ýol bolar», «Ýagşy bilen ýoldaş bolsaň, uzak ýoluň daş bolmaz», «Ýodany yzlasaň, ýola elter, ýoly yzlasaň — ile» diýen ýaly ençeme nakyllary döredipdirler. Il bilen ili birleşdirýän ýollary, köprüleri gurmak halk arasynda parz iş hasaplanypdyr. Nusgawy şahyrymyz Döwletmämmet Azady «Wagzy-Azat» eserinde hem ýollary, köprüleri, kerwensaraýlary gurmaklygy, bina galdyrmaklygy il-gün üçin haýyrly iş hökmünde aýratyn nygtapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli ýoly bilen, ösüşiň, abadançylygyň, bagtyýarlygyň ýagty menzillerini gulaçlaýan halkymyz öňe, diňe öňe sary ilerleýär. Gadymy Ahal ýaýlasyndan ýurdumyzyň günortasyna uzap gidýän ak ýoluň durmuşymyzyň has-da ösmegine, ulag-gatnaw ulgamynda amatly gurşawyň döredilmegine, ýolagçylara medeniýetli hyzmatlaryň ýola goýulmagyna, ýollaryň geçirijilik ukybynyň ýokarlanmagyna, wagty we serişdeleri tygşytly ulanmaga altyn öwüşginini çaýar.
Türkmenistanyň ykdysady-geografik kartasynyň öňüne barsaň , parallel boýunça 800 kilometre, meridiana boýunça 450 kilometra uzalyp , 35 million gektara ýaýylyp ýatan Garagumyň gündogarda Amyderýanyň çep kenaryndan gaýdyp, günbatarda Hazaryň çal tolkunlaryna gelip direýändigi gaýrada Üstýurt gyrlaryndan başlanyp , ilerde Köpetdagyň garly gerişlerine ýetýändigi görnüp durandyr. Ine, uzynlygy Aşgabatdan Türkmenabada çenli 600 kilometr çemesi boljak awtoban tutuşlygyna Garagumyň içinden geçip gider. Bu ýoluň aýratynlygy nämede? Birinjiden-ä , ol ýokary tizlikli . Şol bir wagtda-da , awtomagistral derejesindäki ýoluň ulanmaga berilmegi gadymy Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltýän Türkmenistanyň ulag – ýol ulgamynyň mümkinçiligini diýseň giňelder.
Ylmy – inženerçilik ülňülerine doly laýyk gelýän şeýle ýoly “Türkmenawtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki türkmen telekeçileri gurýarlar.
Dünýäniň häzirki ösüşi ulag-logistika ulgamynyň gerimi, şondaky edilýän dünýä ülňülerine bap gelýän hyzmatlaryň hili bilen kesgitlenýär. Diýmek, gurulýan awtoban ýol hereketini ýygjamlaşdyrmaga , hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaga , Türkmenistany halkara ulag- üstaşyr düzüminiň esasy merkezleriniň birine öwürmäge mümkinjilik berer. Şeýlelikde, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy ýurtlar bilen söwda- ykdysady gatnaşyklaryň gerimi has-da giňär.
Geçen ýyl awtobanyň Aşgabat – Tejen böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň ähmiýetini şeýle häsiýetlendirdi: “Geosyýasy dilde aýdaňda, Aziýa – Ýewropa Ulag geçelgesi şeýdip, dünýä ülňüleriniň iň soňky talaplaryna laýyk getiriler. Türkmenabat- Türkmenbaşy awtobanyň geçirijilik ukyby ýük awtoulaglarynyň hereketini diýseň ýygjamladyp, Hazaryň türkmen kenaryndaky Halkara deňiz portunyň iş gerimini has giňelder. Bu ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitinde , Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlagyna tarap gämi kerwenleriniň hemişelik gatnawy dörar”.
Türkmenistan yklymlary birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, gadymyýetde tutuş yklymyň çäginden geçen we ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň ösmegine güýçli itergi beren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynda eden çykyşlarynda sebitde köpugurly ulag geçelgeleriniň ulgamynyň döredilmeginiň we ýaýbaňlandyrylmagynyň diňe bir sebit ölçeginde däl, eýsem halkara derejesinde howpsuzlygyň, durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň, parahatçylygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna itergi berjekdigine ünsi çekýär. Bu ugurda biziň ýurdumyzda täze awto we demir ýollary gurulýar, bar bolanlarynyň durky düýpgöter derejede döwrebaplaşdyrylýar.
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Ahal welaýatynyň kesewini dürtseň gögerýän mes toprakly ýerlerinden öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine we ýurdumyzyň çar künjegine, içerki bazarlardan artýan böleginiň bolsa diwersifikasiýa ýoly bilen eksporta ugradylmagyna mümkinçilik berer. Ýoluň ugrunda belli aralyklarda tehniki hyzmat ediş merkezleriniň, söwda merkezleriniň, garbanyşhanalaryň göz öňünde tutulmagy söwdadyr iýmit pudagynda täze iş orunlarynyň döremegine getirer. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunda ýol hereketiniň ýörite ulgam arkaly dolandyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin metal germewleriň ornaşdyrylmagy sürüjileriň, ýolagçylaryň hem-de ýükleriň howpsuzlygyny artdyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berer. Onuň ugrunda ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedleriň, monolit köprüleriň gurulmagy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-synyň, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-siniň göz öňünde tutulmagy-da ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýär.
Goý, halkymyzy ak ýollarda nurana we röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Isgender ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.