HAÝSYSY PEÝDALY - MIWELERMI ÝA-DA ŞIRELER?

20-05-22

Lukmanlar şeýle-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna görä adam bir günüň dowamynda azyndan 80-100 gr miweleriň we gök önümleriň dürli görnüşlerinden iýmelidir. Miweleri we gök önümleri terligine iýmeklik saglyk üçin peýdalydyr. Şeýle bolsada alymlaryň köpüsi şireleri içmekligi saglyk üçin has peýdaly hasaplaýarlar. Çünki şireler ösümligiň düzüminde bar bolan birleşmelerden başgada birnäçe birleşmeleri özünde saklaýarlar. Ýöne gündelik durmuşynda miweleri we gök önümleri peýdalanýan adamlaryň köp bölegi şireleri-de ünsden düşürmeýärler. Gök önümleri we miweleri iýýän adamlar köp suw içmekligi endik edinýärler. Bu bolsa belli bir derejede oraganizmiň suw kadasyna täsirin ýetirip bilýär. Miwelerdir gök önümleriň we şireleriň peýdaly taraplary deňräkdir.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň doly ýerine ýetirilişinde gök önümleriň hem-de miweleriň şirelerini içmeklik aýratyn ähmiýete eýe hasaplanýar. Uzak ýaşamak we kesellemezlik isleseňiz täze miweleri köp iýmeli we täze miwe şirelerini köpräk içmelidir. Täze sykylan miwe şirelerini içmeklik konsewirlenen şirelere garanda has peýdaly hasap edilýär. Olaryň ýokumlylygy tagamy, we biologiki ähmiýeti gaty ýokarydyr. Şireler düzüminde adam bedeni üçin gerekli bolan witaminleri, uglewodlary, fermentleri we birnäçe minerallary saklaýarlar.

Şireleriň kabul edilmeginiň esasy bir aýratynlygy özleşdirilmesi kyn bolan ýokumly maddalaryň hemmesiniň diýen ýaly organizmde çalt siňmegidir we bedende tizden tiz özleşdirilmesidir. Şireler immun ulgamyny güýçlendirip köp kesellere durnuklylygy ýokarlandyrýandyr. Şonuň üçin şireleri boldygyndan günde kabul etmelidiris. Diňe bir şireleri däl eýsem miweleride iýmekligi ýatdan çykarmaly däldiris. Eýsem Miweleri iýmekligiň dogry ususly haýsy-ka?! Bu barada birnäçe maglumatlary aýdyp geçeliň. Biziň durmuşymyzda miweleri adatça nahardan soň iýmeklik kada öwrülen, ýöne bu adaty iýmitlenişiň iň köp ýaýran ýalňyşlygydyr.

Aç garyna miweleri iýmeklik has ähmiýetli hasap edilýändir. Miweleri aç wagtymyz iýmeklik organizme köp energiýany şol bilen birlikde, bedeniň arassalanmagyna we agramyň kadaly bolmagyna kömek edýändir. Şonuň üçin ony aç wagtymyz kabul etmeklik ähmiýetlidir. Bir tarapdan seretsek bu önümleriň ikisi-de adama deň dereje ähmiýetli bolsa-da käbir ýagdaýlarda öndürilen şirelerdäki witaminleriň peýdaly maddalaryň mukdary azalyp bilýändir, beýleki bir ýagdaýda gyşda teplisalarda ösdürilip ýetişdirilen ýa-da uzak möhletli ammarlarda saklanylan miweler hem belli bir derejede ýokumlylygyny ýitirip bilýändir bu bolsa adam saglygyna oňaýysyz täsirin ýetirip bilýär. Gök önümler miweler şeýle-de olaryň şireleriniň peýdasy we zyýany belibir derejede biziň dogry saýlap dogry peýdalanmaklygymyza hem baglydyr. Şonuň üçin ilkinji nobatda olary dogry saýlap kadaly peýdalanmalydyrys.

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.