ÝYLAN ÝYLYNDA DOGULAN ADAMLAR NÄHILI HÄSIÝETLERI BILEN TAPAWUTLANÝARLAR?

10-01-25

Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler.

Bularyň gatnaşygynda duýgular, täsir hem-de özara sylaşyk uly orun tutýar. Bu adamlaryň hamana alty duýgusy bar ýaly. Her bir başlan işlerini hökman ahyryna çenli ýerine ýetirýärler, şowsyzlyga örän seýrek uçraýarlar. Häsiýeti boýunça sowukganly bolsalar-da, örän çalt karara gelmegi başarýarlar we işiň gözüni bilýärler. Käbirleri gysganjyrak bolýar, karz pul bermegi halamaýar. Şol bir wagtyň özünde-de, kyn ýagdaýa düşen adamlara nebsi agyryp, olara kömek berýär.

Ýylan ýylynda dogulanlar sähel kömek berse, diline çolap eden işini çişirip görkezýärler, şonuň üçin oňarsaň olaryň kömeginden gaça durmak gerek. Pula gezek gelende örän bagtly. Olar islendik wagty geregiçe pul tapyp bilýärler. Garran çagy köpüsi gysganja öwrülýär.

Bular işe çyny bilen ýapyşýarlar we köp işlemekden gaçmaýarlar, şonuň bilen birlikde az-kem ýaltaçylygy hem bar.

Nurýagdy Aşurow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

167802877dfa4a.jpeg
GYSGAÇA GEODEZIÝA YLMY BARADA

Geodeziýa - Ýeriň formasyny we ölçeglerini öwrenmekde, onuň üstündäki nokatlaryň biri-birine baglylykda ornuny kesgitlemekde, ýer üstüniň kartasyny, planyny we profilini düzmekde, şeýle hem inženerçilik işlerinde binalary proýektirlemekde ýerine ýetirilýän ölçegleri geçirmegiň nazaryýeti we amallary hakyndaky ylymdyr.


16780255d79966.png
ÝYLAN ÝYLYNDA DOGULAN ADAMLAR NÄHILI HÄSIÝETLERI BILEN TAPAWUTLANÝARLAR?

Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler.


1672311b48247c.png
GADYMY TARYHY MESGENLER

Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar.


Bulary bilmek gyzyklydyr

Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.


Iň uly bazar

Stambul iki yklymyň arasynda ýerleşen, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Wizantiýa, Osman jahanşalyklarynyň şäheridir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.