GYSGAÇA GEODEZIÝA YLMY BARADA
10-01-25

Geodeziýa - Ýeriň formasyny we ölçeglerini öwrenmekde, onuň üstündäki nokatlaryň biri-birine baglylykda ornuny kesgitlemekde, ýer üstüniň kartasyny, planyny we profilini düzmekde, şeýle hem inženerçilik işlerinde binalary proýektirlemekde ýerine ýetirilýän ölçegleri geçirmegiň nazaryýeti we amallary hakyndaky ylymdyr.
Geodeziýa grek sözi bolup, «geo-ýer, daizo-bölmek» diýmekdir. ― Geodeziýa‖ adalgasy bu ylmyň gadym zamanlarda adamzat jemgyýetiniň talaplary esasynda emele gelendigini görkezýär.
Ölçeglerde dürli görnüşli geodeziki gurallar ulanylýar. Geodeziki ölçeglerden peýdalanyp, islendik amaly ýa-da ylmy meseleleri çözmekde, alnan netijeler matematiki taýdan hasaplanylýar. Geçirilen hasaplamalara baglylykda ýeriň üstündäki nokatlaryň biri-birine görä ýagdaýy kesgitlenilýär. Geodeziki ölçegleri grafiki proýektirläp, ýer üstüniň kagyzda kiçeldilen şekilleri - topografiki plany, kartasy we berlen ugruň profili alynýar. Geodeziýa‖ ýer baradaky ylymlaryň biri bolup, ýer üstünde geçirilýän geodeziki ölçemeleriň netijesinde Ýeriň umumy şeklini we ölçeglerini kesgitlemek, ýer üstüni kartalaşdyrmak, halk hojalygyny zerur bolan geodeziki we kartografiki maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly meseleler bilen meşgullanýar.
Geodeziýa ylmy geologiýa, fizika, matematika we beýleki ylymlar bilen çuňňur baglanyşyklydyr.
Häzirki zaman inžener-geodezist, inžener-astronom-geodezist haýsy hem bolsa belli bir görnçşli işi alyp bilýän, olar bilen işläp bilýän, egerde gerel bolsa olary sazlap bilýän hünärmen bolmalydyr.
Geodeziýa ylmynyň ösüş taryhy müň ýyllary öz içine alýar. Bu uly taryhy döwrüň dowamynda jemgiýetçilik gatnaşyklarynyň we beýleki ylymlaryň ösmegi netijesinde geodeziki işleriň tehnologiýasy hem häzirki zaman görnüşine eýe boldy-ýagny geodeziki işleriň ähli görnüşleri ýokary öndürijilikli doly awtomatlaşdyrylan görnüşe geçýär.
Aly Kerimow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.

GYSGAÇA GEODEZIÝA YLMY BARADA
Geodeziýa - Ýeriň formasyny we ölçeglerini öwrenmekde, onuň üstündäki nokatlaryň biri-birine baglylykda ornuny kesgitlemekde, ýer üstüniň kartasyny, planyny we profilini düzmekde, şeýle hem inženerçilik işlerinde binalary proýektirlemekde ýerine ýetirilýän ölçegleri geçirmegiň nazaryýeti we amallary hakyndaky ylymdyr.

ÝYLAN ÝYLYNDA DOGULAN ADAMLAR NÄHILI HÄSIÝETLERI BILEN TAPAWUTLANÝARLAR?
Gündogarda ýylan akyllylygyň nyşany hasaplanýar. Ýylan ýylynda dogulanlar ýiti akyllylygy we pähimliligi bilen tapawutlanýar. Olar köp geplemeýär, tersine pähim-paýhas bilen iş görýärler. Eger-de şu ýylda dogulan adamlar ýokary bilime eýe bolsalar, onda olaryň paýhasy daş ýaryp, köp zady öňden görüp biler.

GADYMY TARYHY MESGENLER
Türkmenistanyň baý we gadymy binagärçilik mirasy bar. Etnografik öwrenişleriň we arheologik gazuw agtaryşlarynyň netijeleri, häzirki döwürlerde we IX-XII asyrlarda ýa-da soňky döwürlerde, GünortaTürkmenistanyň Merw, Peşan, Daňdanakan, Amul, Zemm, Saragt, Mehne, Abywerd, Kufen, Nusaý, Ýazyr, Dehistan, Ahur we beýleki ululy-kiçili şäherleri, Demirgazyk Türkmenistanyň Köneürgenç, Zamahşar, Wezir wе beýleki şäherleri uly ösüşde bolupdyrlar.
Bulary bilmek gyzyklydyr
Ynsan beýnisiniň mümkinçiliginden has ýokary başarnyga eýe bolan iň güýçli kompýuter sekuntda 38 müň trillion amaly ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu kompýuter 3,584 terabaýt ýady bilen tapawutlanýar.
Iň uly bazar
Stambul iki yklymyň arasynda ýerleşen, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Wizantiýa, Osman jahanşalyklarynyň şäheridir.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.