Ýaşlar — döwletiň we dünýäniň geljegi

16-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu günki günde türkmen ýaşlary döwletimiziň ähli ulgamlarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda hereketlendiriji güýje öwrüldiler. Olara öz başlangyçlaryny amala aşyrmak we döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak üçin Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Halkymyzyň köňül şygaryna öwrülen hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly jümleleri ýaşlaryň Watanymyza bolan söýgüsini has-da artdyrýar. Halk hem Watan baradaky mukaddes düşünjelerimizi, söýgimizi belende galdyrýar. Ähli bilimlerimizi hem-de başarnyklarymyzy Watanymyzyň ösüşlerine, dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da ýokarlanmagyna bagyş etmäge ruhlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýmek bilen, türkmen ýaşlarynyň dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gitmelidigini, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen ýaşlarynyň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.

Ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda her ýylda bäsleşikler we beýleki medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň ýaşlar baýragy, Gulbaba adyndaky çagalar baýragy has tapawutlananlara gowşurylýar, şeýle hem ylmy işler boýunça bäsleşik, «Ýylyň parlak ýyldyzy», «Talyp joşguny», «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri», «Merdana nesil», «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», «Ylham joşguny» we beýleki döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary guralýar we telegepleşikler geçirilýär.

2017-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanynda Ýaş alymlar merkezi, ylym we bilim edaralarynda bolsa ýaş alymlaryň geňeşleri döredildi. 2016-njy ýylda «yashlar. gov.tm» elektron saýty açyldy. Bagtyýar ýaşlarymyz bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekýärler. Ykballaryny sporta baglan ýaş türgenlerimiz bolsa ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilip, şondan bäri beden we ruhy taýdan sagdyn, zähmetsöýer, ukyply, Watana wepaly nesilleri terbiýelemekde netijeli işleri alyp barýar. Ýaşlar guramasynyň döredilen gününden bäri Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň ösüşini pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşan, zähmetde we döredijilikde uly üstünlikleri gazanan ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň» eýesi diýen at bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Bu dabaraly çäre noýabr aýynda Ýaşlar guramasynyň döredilen gününde uly ruhubelentlik bilen ýaşlaryň gatnaşmaklarynda geçirilýär.

Ýaşlar — döwletiň we dünýäniň geljegi. Döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşy we geljegi barada bimöçber alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Biz — ýaşlary bagtyýar geljege, ajaýyp ertirlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Bagtyýar AMANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň 1-nji ÿyl  talyby.

Halypa mugallymy Ysmaýyl ALLANUROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.