GAWUN BALYNY TAÝÝARLAMAGYŇ TEHNOLOGIÝASY

24-05-22

Bereketli türkmen topragy dürli miwe-gök önümlere, ir-iýmişlere we bakja önümlerine örän baýdyr. Bakja önümleriniň arasynda gawun uly ähmiýete eýedir. Türkmen gawunlary özüniň üýtgeşik ýakymly ysy, tagamy, has süýjüligi, owadan görnüşi bilen beýlekilerden aýyl-saýyl tapawutlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserleriniň  VI jiltinde adaty gawunyň görnüşleri, himiki düzümi, peýdalanylyşy, derman taýýarlanylyşy we ulanylyşy barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şonuň ýaly-da bu dermanlyk ösümlikleriň türkmen halk lukmançylygynda we ylmy lukmançylykda peýdalanylyşy barada maglumatlar getirilýär.

Alym Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly iki jiltden ybarat kitabynda mukaddes topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän türkmen gawunlaryna degişli giňişleýin maglumatlar berilýär. Gawunlary ýetişdirmegiň usullary, gawunlaryň dürli görnüşleri, olardan örän süýji nygmatlaryň kakyň, söküň, toşabyň taýýarlanylyşy, adam saglygyna peýdasy we keselleri bejermekdäki ähmiýeti giňişleýin beýan edilýär. Gawun şekere, witaminlere baý bolanlygy üçin, halk arasynda iň gymmatly azyk önümleriniň biri hasap edilýär. Gawunyň himiki düzümi, 91,5 % suw, 6,35 % uglewod, 0,84 % azotly madda, 1,14 % ýag, 0,33 % kletçatkadan ybaratdyr. Bulardan başga-da, gawun adam bedenine gerek peýdaly elementler bolan kalini, kalsini, natrini, magnini, demri, fosfory, kükürdi ýeterlik derejede saklamaga ukyplydyr. Şolar ýaly gawun öz düzüminde 4,5-18 % şeker saklap, onuň 1 kilogramynda 240 kilokaloriýa emele gelýär. Gawunyň miwesinden gawun baly, kak, sök, toşap, ijan, marmelad, mürepbe, doňdurma, powidlo, marinad, şerbet, şire, jem, konfitýur, krem, ýaly azyk önümleri ýasalýar.

Gawunyň etinden şiräni bölüp alyp, ony gaýnadyp goýy sirop alyp bolýar. Ol bolsa uzak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanýar. Şunuň ýaly sirop bolsa gawun balydyr. Gawun balyny taýýarlamak üçin gawunlaryň  şu aşakdaky görnüşleri (sortlary) has oňat hasaplanýar: Waharman,  Emiri, Mesek, Şekerpalak, Ak bişek, Akgaş, Akmaral, Göktorly, Şekerek, Şekerpara, Gülaby, Garrygyz we başgalar. Gawunlaryň tomusbişer emiri nusgaly görnüşleri, güýzki-gyş zard nusgaly gawunlar  konserwirlemäge örän amatlydyr. Olaryň etiniň irbişeriňkiden tapawutlylykda löt bolmaýan sagdynlygy we ýokary süýjüligi mynasybetli, olar kak etmäge, sök gaýnatmaga, mürepbe we konserwa etmäge örän amatlydyr.  

Gaýtadan işleýän kärhanalara getirilýän gawunlar örän usullyk bilen getirilmelidir. Gawunlary çig mal meýdançalarynda ýa-da oňat ýelejiredilýän jaýlarda saklanylýar. Gawunlary çig mal meýdançalarynda 48 sagatdan uzak saklanylmaýar. Gawun balynyň ýokary organoleptiki talaplara (tagamy, reňki, ysy) gabat gelmegi we daşky görnüşiniň owadan bolmagy mahsusdyr. Gawuna şekeriň suwly ergininiň ýa-da sirobynyň goşulmagy onuň tebigy tagamyny we iýmitlik gymmatyny artdyrýar.

Önümçilik şertlerinde gawuny gaýtadan  işlemek üçin ilki bilen ýuwýarlar    hem-de soňra deň iki bölege kesýärler. Onuň çigidini aýyrýarlar we etini saýlap alýarlarlar. Soňra gawunyň etini bir ýa-da iki barabanly pyçakly ownadyjyda ownudýarlar. Ownadylan massa gidrawliki gysyjyda gysylýar ýa-da üznüksiz işleýän gysyjylar ulanylýar. Gysylyp alnan gawun şiresi açyk iki diwarly bug gazanlaryna guýulýar we gury maddasynyň düzümi 68-70 % bolan goňur reňkli massa alynýança gaýnadylýar. Gawun baly gaýnadylanda has gowy netijäni wakuum enjamlarynda alyp bolýar. Bu ýerde gawunyň tebigy reňki, gymmatly iýmit maddalary (witaminler, azot maddalar, şeker) gowy saklanýarlar we taýýar önümiň tagamlyk hilini has-da gowulandyrýar. Gaýnatmagy 600-650 mm. simap sütüninde we 50-60º gaýnama temperaturasynda geçirilýär. Öý şertlerinde kesilen gawun etini iri torly et üweýän maşyndan geçirýärler. Şire hasadan ýa-da başga matanyň üstünden sykylyp  alynýar. Munuň üçin bolsa gawunlaryň has gowy sortlaryny, süýji we doly bişenlerini almaly. Gaýnatmagyň öň yanynda gawunlaryň köp görnüslerini gyzgyn suwda blanşirleyärler.Gawun balyny taýýarlamakda käbir  ylmy işlerde blanşirlemek (gaýtadan işlemegiň öňüsyrasynda miwe-gök, bakja önümleri gysga wagtlyk ýylylyk bilen işläp taýýarlamak) işleri hem geçirilýär.

Gawundan bal taýýarlamak üçin gabygyndan, çigidinden we etiniň galyň gatlagyndan, çigidiň ýanaşyk ýerleri arassalanýar. Mundan soňra 3-5 uzynlykda we 2 sm çenli galyňlykda ýa-da kubik görnüşinde dilimlere kesilýär. Soňra çig mal gyzgyn suwda 5-10 minut  blanşirlenýär we sowadylýar. Blanşirlemek üçin ulanylan suwuň düzüminde gawundan geçen möhüm iýmit maddalary (şeker, kislotalar we ş.m.) bolýar. Şol sebäpli, blanşirlemek üçin ulanylan suwy şeker erginini taýýarlamakda ulanýarlar. Gawun baly aýna ýa-da demir gaplaryna 85-90º temperaturada guýulýar we ýapylýar. Taýýar gawun balyny jebis bolmadyk gaplarda hem saklamak bolýar, ýagny çeleklerde. Onuň üçin bolsa çelekleri öňünden ýuwup, buga tutulýar we guradylýar. Gawun baly bilen doldurylandan soňra, onuň üstüni derrew ýapýarlar hem-de 15º temperaturada salkyn jaýda saklaýarlar. Çig malyň gury maddalary saklaýjylygyna baglylykda, 1 tonna taýýar önüme harçlanýan çig mal 6800-7600 kg deňdir. Saklama döwründe taýýar balyň durnuklylygy gowy bolmaly; onuň düzümindäki gaýnadylan gawun öz daşky şekilini (bütewi ýa-da dilimjagaz görnüşini) ýitirmeli däl; balyň şekerli ergini dury we goýy bolmaly; (ýagny, žele görnüşli bolmaly däl). Bular ýaly baly taýýarlamak üçin hili boýunça oňat çig maly saýlamaly hem-de gawunlary taýýarlamak we olary gaýnatmak prosesini dogry berjaý etmeli. Gawun baly hem adamlaryň saglygyny berkitmekde ähmiýetli önümleriň biridir.

                                                 Ýazgeldi SARYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň  uly mugallymy,

Ogulboldy BAZAROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk 
uniwersitetiniň  talyby.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.