Magtymguly – ynsan kalbynyň öçmejek nury

20-12-24

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň döwletimiziň gazanýan üstünlikleri ýaşlarymyzyň bagtyýar durmuşy bilen berk baglydyr. Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýmek bilen, türkmen ýaşlarynyň dünýä ösüşleri bilen aýakdaş gitmelidigini, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilmelidigini yzygiderli nygtaýar. Özleri hakynda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, bu gün ýaşlarymyz döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, hususy ulgamda yhlasly zähmet çekýärler, durmuş ugurly döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylyşyna işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa ýaşlaryň islendik döwletiň ykdysady ösüşinde hem aýratyn orun tutýandygyny görkezýär. Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine has-da yhlasly okamak, öwrenmek, döretmek we bildirilýän ynama mynasyp bolmak türkmen ýaşlarynyň baş maksady, mizemez ýol-ýörelgesidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine iňňän ýokary baha bermek bilen şeýle diýýär: «Türkmen halkynyň taryhynda Azady, Magtymguly, Andalyp, Kemine ýaly çuňňur filosofiýa, ýiti pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri peşgeş beren söz ussatlary, akyldar-danalar az däl. Nusgawy şahyrlarymyzyň, beýik akyldarlarymyzyň, halk döredijiligiň baý mirasyny öwrenip, ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir».

Türkmen tebigatynyň iň gözel ýerleriniň birinde dünýä inen şahyr öz terjimehalyny şeýle beýan edýär: «Asly — gerkez, ýurdy — Etrek, ady — Magtymgulydyr». Şahyr «Nahana geldiň» goşgusynda diňe bir öz ömri hakda däl, eýsem, ynsan oglunyň döreýşi we ösüş aýratynlyklary dogrusynda söz açýar. Dünýä gelen ynsanyň sözläp, ýöräp, ýakyn-ýady tanap başlaýşy şahyrana beýan edilýär.

Hakykatdan hem Magtymguly Pyragynyň döredijilik ussatlygyna dünýäde ýokary baha berilýär we onuň edebi mirasy barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şol nukdaýnazardan, onuň goşgularyny öwrenmek ýaş nesillerimize hem örän wajypdyr. Ynsany bezeýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik we adalatlylyk ýaly ideýalar şahyryň döredijiliginde giňişleýin beýanyny tapyp, kalplara ruhy lezzet eçilýär. Edebiýatyň taryhynda şygryýet dünýäsinde öçmejek yz goýan dana Pyragynyň şygyrlary häzirki wagtda diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, adamzat ýaşaýşynyň hem ruhy çeşmesine öwrüldi. Söz ussadynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda, bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyrýan nurana pikirleri, öwüt-nesihatlary bu gün döwletimiziň milli ýörelgesine öwrüldi:

Jeýhun bile Bahry-Hazar arasy,
Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň,
Gül-gunçasy gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Bu gün beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasy geldi. Onuň ajaýyp arzuwlary hasyl boldy. Baky bagtyýarlyga eýe bolan türkmen halky Gahryman Arkadagymyz bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döredýär, gurýar, ösüşlerden-ösüşlere barýar. Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyryň 300 ýyllyk ýubileý toýy halkara derejesinde giňden bellenilýär. Munuň özi Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň nobatdaky subutnamasydyr. Dabaraly açylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni seýilgäh toplumy bolsa paýtagt şäherimiziň görküne görk goşýar. Türkmen halky özüniň dünýä meşhur akyldar şahyryna guwanmaga we buýsanmaga doly haklydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda beýan edişi ýaly, ýaşajyk Mälikgulynyň Magtymgulynyň «Ýeldim tut» şygryny kolhozçylara okap bermegi diňleýjilerde, aýratyn hem, Berkeli agada ýokary ruhubelentlik döredýär. Onuň: «Her birimiziň gursagymyzda Magtymgulynyň «Ýeldim tuty» bolmaly» diýen sözleri oturanlary biparh goýmaýar. Magtymguly atamyzyň şunuň ýaly ajaýyp setirleriniň täsirlerini Milli Liderimiziň eserlerinden, aýratyn-da, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp şygryndan tapmak bolýar.

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllyk toýuny dünýä derejesinde dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Mashura SERZADOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.