Magtymguly Pyragynyň döredijiligi — edebi mirasymyz

10-12-24

Gadymy hem mydam juwan halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri dünýä medeniýetiniň gymmatly hazynasyna öwrüldi. Diňe bir türki halkly ýurtlarda däl, eýsem, dünýäniň dürli döwletlerinde Magtymguly şahyryň şygryýetine belent sarpa goýulýar. Dünýä alymlary, edebiýatçylary dana şahyryň goşgularynyň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigini belläp, oňa ýokary baha berýärler. Çeper döredijiligiň ussady saýylýan Magtymguly Pyragynyň dünýä ýurtlarynda giňden ykrar edilmegi biz — talyp ýaşlar üçin hem aýratyn buýsançlydyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde nusgawy edebiýatymyzyň eserlerini ylmy esasda öwrenmekde we wagyz etmekde, dünýä dillerine terjime etmekde hem-de okyjylara ýetirmekde alymlarymyz asylly işleri bitirýärler. Çünki milli edebiýatymyzyň nusgalaryny öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen milli gymmatlyklarymyz, ene dilimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Bu günki günde nusgawy edebiýatymyzyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilip, gymmatly mirasymyz ýaşlara hem öwredilýär.

Ýaş nesillere milli terbiýe bermekde, olaryň ene dilimize belent sarpa goýmagynda akyldar şahyryň eserleri uly gollanma bolup hyzmat edýär. Çünki şahyryň eserleri watansöýüjilige, mertlige, ynsanperwerlige, ylym-bilime ýugrulandyr. Şahyryň goşgularynda medeniýetli sözlemek, dil baýlygyňy ösdürmek ýaly ugurlary hem görmek bolýar. Bu bolsa şahyryň ene diline hormat goýandygyny görkezýär. Şeýle hem bu akyldaryň örän köp edebiýatlardan habarly bolandygyna güwä geçýär. Magtymguly Pyragy:

Gözüm gaýra düşmez, göwün eglenmez,
Magtymguly — sözlär tili türkmeniň ...

– diýmek bilen, ene dilini wasp edýär. Şeýle hem akyldar şahyr diliň kemala gelşini, onuň akyl bilen berk baglanyşyklydygyny şygyrlarynda beýan edýär.

Aslynda dil biliminde hem diliň, sözleýşiň pikir bilen berk baglanyşyklydygy bellenilýär. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň ygtybarly serişde bolup durýar. Dil — uly baýlykdyr, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasydyr. Munuň özi ruhy gymmatlyklaryň edebi gymmatlyklar bilen berk baglanyşyklydygyny aňladýar. Adamyň ruhy dünýäsini, gözellik kämilligini emele getirmekde we ony ýüze çykarmakda diliň tapylgysyz serişde bolup hyzmat edýändigini biziň ählimiz bilýäris. Aragatnaşyk serişdesiniň iňňän möhüm bölegi bolup durýan diliň öwrenilmeginiň näderejede gymmatlydygy umumadamzat tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Dilçi alymlaryň dil we sözleýiş medeniýeti baradaky ylmy garaýyşlaryny okanyňda, munuň şeýledigine has-da oňat göz ýetirýärsiň. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň goşgularynda dile, sözleýşe aýratyn üns berilýär. Bu günki gün dilçi we edebiýatçy alymlar şahyryň dil hakyndaky garaýyşlary bilen bir hatarda döredijiliginiň dil baýlyklaryny hem, arhaizmleşen sözlerini hem ylmy esasda öwrenýärler. Bu bolsa, ilkinji nobatda, ene dilimiziň baýlygyny we edebi mirasymyzy öwrenmekde ähmiýetli işlerdir.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýy giňden bellenilýär. Onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan dürli ylmy-amaly maslahatlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary, sergileri geçirmek işjeň häsiýete eýe boldy. Şeýle medeni çärelerde akyldar şahyryň şygyrlarynyň üsti bilen arzuw-hyýallarynyň we öwüt-nesihatlarynyň giň beýanyny görmek bolýar. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyzyň şahsyýetine we döredijiligine goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşanydyr.

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmeklige giň ýol açan, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Hatyja ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa gämisiniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.