GARAŞSYZLYK – BILIM ÖZGERTMELERINIŇ BINÝADY

12-09-24

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary ahlak sypatly, watansöýüji, ynsanperwer, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, bazar hojalygynyň we demokratik döwletiň talaplaryna laýyk gelýän ýaş nesilleri kemala getirmek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzda ileri tutulýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Bu ugurda Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti, döredijilikli, parasatly, ynsanperwer syýasaty bilen ýurdumyzyň bilim, ylym pudagy ösüşiň täze basgançaklaryna çykaryldy, döwletimiziň milli bilim ulgamy dünýäniň bilim giňişliginde özüniň mynasyp ornuny tapdy. Döwletimiziň ähli künjeklerinde häzirki zaman dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim ojaklary, sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Ulanylmaga berilýän bilim-terbiýeçilik edaralarynyň kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary, bütindünýä internet aragatnaşyk serişdeleri bilen üpjün edilmegi ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň halkara ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edýär.

Ýaşlaryň okamagy, terbiýe almagy, ruhy taýdan ösmegi, beden taýdan taplanmagy bilen bir hatarda, kesp-kär edinmegi, ylymlar dünýäsine aralaşmaklary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ýaşlar barada ýöredýän syýasatynyň, geçirilýän bilim özgertmeleriniň esasy mazmunyny düzýär. Hut şu nukdaýnazardan alanymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy 12 ýyllyk umumy orta bilim ulgamyna geçirilmegi ýaş nesilleriň sazlaşykly ösmegini we olara ýokary hilli bilimiň berilmegini üpjün etdi. Bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň hukuk binýady berkidildi. Umumy bilim berýän orta mekdeplerde ykdysadyýetiň esaslary, ekologiýa, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalary, modelirleme we grafika ýaly okuw dersleriniň girizilmegi orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň diňe bir dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryny, jemgyýetiň, tebigatyň gurluşyna we ösüşine düşünmeklerini, göz ýetirmeklerini üpjün etmän, eýsem,  olaryň geljekde hünär saýlap almaklaryna, döwletimiziň ösmegine we kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan nesiller bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, bilim hem-de terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bilim edaralarynyň resmi web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bilim ulgamyny gurşap alan toplumlaýyn özgertmeler diňe bir ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim almaklaryny, olaryň giň dünýägaraýyşly, çuň gözýetimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine ýardam etmän, eýsem mekdeplerde işleýän mugallymlaryň sanyny artdyrmak bilen birlikde goşmaça iş orunlaryny döredýär, hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini, ýaşaýyş durmuş şertlerini ýokarlandyrýar. Özleri barada döwlet derejesinde şeýle uly aladalaryň edilmegi mugallymlaryň hünär derejesiniň ýokarlanmagyny, olaryň öz kärlerine söýgi we jogapkärçilik, ynam we maksada okgunlylyk, belent borja wepalylyk duýgulary bilen çemeleşmeklerini talap edýär. Bu aladalar mugallymlaryň hünär taýýarlygyna döwlet derejesinde berilýän ünsüň artýandygynyň nyşanydyr.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan bilim özgertmeleri ýokary okuw mekdeplerininde-de üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze ýokary okuw mekdepleriniň döredilmegi, ozal bar bolanlaryna täze, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän  okuw binalarynyň sowgat edilmegi, olarda täze hünärleriň girizilmegi, ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sanynyň artdyrylmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin zerur bolan şertleriň, mümkinçilikleriň döredilmegi bilim ulgamynyň belent sepgitleri nazarlaýandygyna şaýatlyk edýär.

Öz hünärlerine ussat, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, jemgyýetimiziň, ykdysadyýetiň we medeniýetimiziň ösmegine mynasyp goşant goşýan, türkmen, iňlis, rus dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak işi barha kämilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge, bilimiň hilini, ýokarlandyrmaga hem-de halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Miwe NURYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.