YLMY ÖSÜŞ – DÖWLETIŇ YKDYSADYÝETINIŇ KUWWATY

06-12-25

Innowasion tehnologiyalaryň ösüşiniň täze belentlige galýan döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylma daýanmak, sanly önümçilikleri döretmek we milletiň aň-bilim derejesini has-da ýokarlandyrmak arkaly, Türkmenistan durnukly ösüşiň ýoly bilen öňe barýar. Ylym biziň düşünjämizde, ýönekeýleşdirilip aýdylanda, döredijilikli işiň netijesidir. Täze başlangyçlar we açyşlar ylmyň ruhy esaslaryny döredýär. Onuň binýady we häsiýeti jemgyýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny, ahlak kadalaryny, gözellik ýörelgelerini özünde jemleýändir. Ine, şu esaslarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda döwlet syýasaty ýöredilýär.

Döwür bilen deň gadam urmak ýoluny saýlap alan ýurdumyzda, hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli ylym-bilim ulgamy gaýtadan galkynýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän işler taryhy ähmiýete eýedir. Şol wakalaryň jümmüşinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz ylmyň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi, hususan-da, ykdysadyýeti ösen kuwwatly döwleti döretmegi baş maksat edip goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär.

Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, edara-kärhanalaryň hyzmatlary köpelýär, internetden has netijeli peýdalanylýar. Kompaniýalar müşderilerine satan harytlary ýa-da hödürlän hyzmatlary üçin hasap-fakturalaryny elektron usulda iberýär, töleglerini hem elektron usulda kabul edýär. Biziň ýurdumyzda hem nagt däl hasaplaşygyň çygrynyň barha giňeýändigini bellemek gerek. Diýarymyzda bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edip, olaryň üsti bilen söwda merkezlerinde, jemgyýetçilik ýerlerinde döwrebap, amatly, ygtybarly hasaplaşyklary geçirmäge mümkinçilikler döredildi.

Wagtyň geçmegi bilen, maglumat tehnologiýasynda gazanylan ösüş sanly ykdysadyýetiň ähmiýetini barha artdyrdy. Bank, saglygy goraýyş, ylym-bilim, mahabat, onlaýn bölek-söwda we marketing ýaly ugurlar sanly ykdysadyýetiň esasy täsir eden ugurlaryna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, elektron senagatynyň ösmegi täze iş orunlarynyň döremegine getirýär. Häzirki wagtda bolsa, sanly ykdysadyýet senagatyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýylsaýyn senagatlaşýan ýurdumyzda gurulýan kuwwatly önümçilik desgalary döwrüň talaplaryna laýyklykda, tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, çig maldan has netijeli peýdalanmaga, has gymmat bahaly innowasion harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwadyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, milli ýörelgeleri ösdürmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan beýik maksatlarynyň esasyny düzýär. Häzirki wagtda bu beýik maksatlar rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. Jemdyýetimiziň kämil gurluşynyň kemala getirilmegi üçin alnyp barylýan beýik işler, ýurduň we sebitiň ösüşine itergi berýän beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimize buýsanjy, döredijilikli zähmete hyjuwy has-da artdyrdy.

Belent maksatlaryň dabaralanmagy bilen kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Ösüşe parasatly çemeleşmek, milli ýörelgelere eýermek, amal edilýän beýik işleri toplumlaýyn durmuşa geçirmek, täzeçillik ýaly ýörelgeler bu gün türkmen jemgyýetiniň esasyny düzýär.

Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Amanmyrat ŞÜKÜROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Ýokanç keseller kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

«AMUL — HAZAR» ATLY ÝÖRIŞI — GARAŞSYZLYGYŇ 35 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ŞANLY MARAFON

Türkmen topragynyň giň sähralaryndan gözbaş alýan atly ýörişler diňe bir uzak aralygy geçmek däl, eýsem, halkymyzyň ruhy belentligini, bedew bilen ynsanyň arasyndaky synmaz dostlugy alamatlandyrýan täsin bir sungatdyr. Asyrlarboýy türkmen jigidi öz bedewine diňe bir ulag däl, eýsem, syrdaş we wepaly ýoldaş hökmünde garapdyr.


Beýik Ýüpek ýoly we Türkmenistan: Taryhyň hem-de häzirki zaman ösüşiniň ýüregi

Gadymy döwürlerden bäri adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan Beýik Ýüpek ýoly şöhratly taryhçylary we jahankeşdeleri hemişe gyzyklandyryp gelen rowaýata öwrülen taryhy mirasdyr. Dünýä ylmynda bu gadymy ýol barada ummasyz köp ylmy işler çap edilip, olar Gerodot ýaly gadymy döwrüň meşhur alymlarynyň gymmatly taryhy maglumatlaryndan gözbaş alýar.


AHALTEKE ATLARY ÖSÜŞLERIŇ NYŞANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplaýan behişdi ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olaryň baş sanyny köpeltmek boýunça başyny başlan başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.


Dünýä ýaň salan üstünlikler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Belli bir halkyň döreden gymmatlygy wagtyň geçmegi bilen dünýäniň gymmatlygyna öwrülýär» diýip belleýär. Hakykatdan hem, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan behişdi ahalteke bedewlerimiz bu günki günde bütin adamzadyň medeni mirasynyň iň naýbaşy gymmatlyklarynyň birine öwrüldi.


16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.