Raýat awiasiýa pudagynyň rowaçly menzilleri
21-11-23
Arkadagly Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda döwletimizde häzirki zaman ulag we kommunikasiýalar ulgamy batly depginler bilen ösdürilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ulag diplomatiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başy başlanan häzirki wagtda bolsa Arkadagly Swedarymyz tarapyndan dowam etdirilýän ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglylykda Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berdi. Türkmenistan transmilli ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze badalga berer.
Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşlerinde ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak babatda edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini ýokarlandyrmak, ýokary amatlyklary bolan howa gämilerini satyn almak, täze döwrebap tehnikalar bilen üpjün etmek hemişe üns merkezinde saklanýar.Dünýäniň köp döwletleri bilen halkara gatnaşyklary, hyzmatdaşlyklary alyp barýan,parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň abraý-mertebesi gün-günden belende galýar.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň raýat awiasiýa pudagynda uly üstünlikler gazanylýar, onuň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» esasynda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi, döwrebap we kämil uçarlaryň satyn alynmagy hem-de täze halkara ugurlara uçuşlaryň ýola goýulmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň aýdyň beýanydyr.
Islendik pudagy okgunly ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, onuň hünärmen üpjünçiligini gazanmak gerek. Gerekli bilimleri ele alan öz işine ussat hünärmenler öndürijilikli zähmet çekip, üstünlikleriň gazanylmagyna uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň hünärmen taýýarlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň raýat awiasiýasy ýyl-ýyldan döwrebaplaşdyrylyp, içerki we halkara ugurlarda ýolagçylary gatnatmakda, halk hojalyk ýüklerini daşamakda öz wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň raýat awiasiýa ulgamynyň ýerüsti infrastrukturasy barha pugtalandyrylýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we welaýat merkezleriniň halkara derejeli howa menzilleri, Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak boýunça mekdebi, lukmançylyk merkezi, “Laçyn” myhmanhana toplumy, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, şeýle hem awiasiýa işlerini we Türkmenistanyň howa giňişliginde üstaşyr geçelgeleriniň üpjünçiligini howpsuz ýerine ýetirilmesi boýunça bitewi önümçilik-tehnologiki prosesini üpjün edýän beýleki awiasiýa gulluklary pudagyň özenini düzýär.
Raýat awiasiýa pudagy halkara gatnaşyklarynyň esasy köprüsi bolup hyzmat edýär. Bu pudak ýyl-ýyldan güýçli depginler bilen özgerip, ýolagçylary gatnatmakda we ýükleri daşamakda özüne degişli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär.
Häzirki wagtda «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde raýat awiasiýasyny ösdürmek, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň howa menzilleriň iş usullaryny döwrebaplaşdyrmak ýaly işleri maksat edinip, «Türkmenhowaýollary» agentligi bu ugurda guramaçylykly çäreleri durmuşa geçirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetiň ösüşiniň häzirki ýagdaýy, şeýle hem raýatlarymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanmagy täze halkara howa ugurlarynyň açylmagyny talap edýär. «Türkmenhowaýollary» agentligi tehniki taýdan üpjünçiligi we onuň häzirki zaman uçarlar parky bu wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işiniň has-da kämilleşip, tehniki taýdan häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilmegi, howa ulaglary pudagyna degişli binalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi, täze uçarlaryň birnäçesiniň satyn alynmagy umumy gazanylan ýokary netijeleriň gysgaça beýanyny düzýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda «Türkmenhowaýollary» agentliginiň tehniki esasy hem düýpgöter özgerdi we kuwwatlandy. «Laçyn» nyşanly türkmen «Boeing» uçarlary bilen yzygiderli üsti ýetirilýän milli raýat awiasiýamyz dünýäde özüni kämil, döwrebap awiasiýa kompaniýasy we ynamdar hyzmatdaş hökmünde tanatdy.
“Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan howa ulaglary ulgamynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, bu işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli goldawlarynyň netijesinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň önümçilik işleri ýokarlanýar, tehnikalary kämilleşýär we täzeleri satyn alynýar, şeýle hem howa menzilleriniň infrastrukturalary ösdürilýär. Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň howa parkyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak maksady bilen howa parkynyň üsti ýyl-ýyldan täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän howa gämileri bilen ýetirilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky dolulygyna täzelendi. Dünýäniň meşhur awiaulaglary öndürijileriň howa gämileri we dikuçarlary, şol sanda «Boeing» kysymly howa gämileri bilen milli raýat awiasiýamyzyň ulag-tehniki binýady pugtalandyryldy.
Türkmenistan transmilli howa ulag ulgamyny ösdürmek boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň ählisini çagyrýar, ol sebitiň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, harytlaryň täze bazarlara çykarylmagyna we ulag harajatlarynyň kemeldilmegine ýardam eder, munuň özi diňe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna däl-de, eýsem, tutuş Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň ykdysadyýetiniň ösüşine täze itergini üpjün eder.
Häzirki wagtda raýat awiasiýa pudagyn üçin ýokary bilimli hünärmenleri Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem-de ýörite orta bilimli hünärmenleri bolsa “Türkmenhowaýollary “ agentliginiň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýyş mekdebinde taýýarlanylýar. Şeýle hem Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan raýat awiasiýa pudagynda hünärmenleri taýýarlamagyň usulyýet binýadyny we tehniki ulgamyny kämilleşdirmek, awiasiýa işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, daşary ýurtlarda okuwlar yzygiderli geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde, türkmen döwleti dünýäniň köp ýurtlarynyň işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Bu ugurda “Türkmenhowaýollary” agentligi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm oruny tutýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüşe besleýän, bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Aşyr GURBANOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Ýolbaşçy mugallymy Jeýhun AMANBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Howa ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň mugallymy.
HAÝRAN GALDYRÝAN ULAGLAR
Awtoulagy bellenen tizlikden ýokary dolandyrýandygy üçin ýazylan iň köp jerime töleginiň möçberi 1 million amerikan dollaryna barabardyr. Bu jerime ulagyny sagatda 288 km tizlik bilen dolandyran şweýsariýaly sürüjä degişlidir. Ýeri gelende bellesek, bu ýurtda jerimeler gazanylan girdeji bilen baglanyşykly bolup durýar.
Dünýädäki iň täsin howa menzilleri
Singapur adaty bolmadyk binagärlikden we haýwanlary iň tebigy mekanynda görkezýän meşhur haýwanat bagyndan, ajaýyp seýilgähleri we baglary bilen bütin dünýäde meşhurdyr. Çangi - howa menzili Singapuryň ähli aýratynlyklarynyň bir görnüşidir. Dünýäniň iň gowy howa menzili hökmünde ençeme gezek ykrar edildi. Çangide menziliň ýokary gatlaryna münüp, menziliň içinde döredilen tropiki baglara tomaşa edip, onda gezelenç edip, hatda 40 metrlik şarlawuga haýran galyp, üçek howuzunda dynç alyp bolýar.
Watanyň daýanjy, geljegi ýaşlar
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli kabul edýän çözgütleri, berýän tabşyryklary eziz Watanymyzyň rowaçlanmagyna, halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna gönükdirilýär, ylym-bilim ulgamyna berýän ägirt ünsi zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagynda, bilim ulgamynda täze-täze oýlap tapyşlaryň döremeginde, türkmen ylmynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginde oňyn netijeleri berýär.
Goýberiliş №42 (17.10.2020 ý.)
Goýberiliş №41 (10.10.2020 ý.)
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.