Türkmen halkynyň maddy-ruhy medeniýetini öwrenen alym.
28-05-22
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen häzirki bagtyýar zamanamyzda merdana halkymyzyň baý maddy-ruhy medeniýetiniň öwrenilmegine, dikeldilmegine, goralyp saklanylmagyna uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu ugurda köp işleri bitiren alymlarymyzyň ylmy mirasynyň sarpalanýandygy, wagyz edilýändigi-de diýseň begendirýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ylymsyz durmuşyň manysy bolmaz. Ylym yzygiderli öwrenilýän we özleşdirilýän baýlykdyr. Adamlar asyrlaryň dowamynda ylym öwrenip, äpet uly ylym daragtyny kemala getiripdirler”. Şeýle parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ylym ynsan durmuşynyň manysy, adamzadyň baýlygy bolup durýar.
Türkmen halkynyň taryhyny, etnografiýasyny çuňňur öwrenen zehinli alymlarymyzyň biri-de taryh ylymlarynyň doktory, professor Annadurdy Orazowdyr (1931-1998ý). Alym 1931-nji ýylda Mary şäherinde dünýä inýär. Ol ilki Mary şäherindäki mugallymçylyk mekdebinde okaýar, soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetine okuwa girýär. Baryp talyplyk ýyllaryndan başlap ekerançylygyň we maldarçylygyň gadymy ýörelgelerini, däp-dessurlary boýunça etnografiýa maglumatlaryny içgin öwrenip başlaýar.
1955-nji ýylda Annadurdy Orazow Moskwanyň M.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň taryh bölümine etnografiýa ugry boýunça aspirantura girýär we üstünlikli tamamlaýar. Şol döwürden başlap ylym älemine ymykly gadam basýar. Alym 1962-nji ýylda G.Ý.Markowyň ýolbaşçylygynda “XIX asyryň ahyry - XX asyryň başynda Balkan sebitiniň türkmenleri” temadan kandidatlyk, 1985-nji ýylda “XIX asyryň ahyry - XX asyryň başynda türkmenleriň maldarçylyk hojalygy” atly tema boýunça doktorlyk dissertasiýasyny üstünlikli goraýar.
1967-1997-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh institutynyň etnografiýa bölümine ýolbaşçylyk edýär. Alymyň başlangyjy bilen hem-de jogapkär redaktor bolmagynda türkmen etnografiýasynyň dürli ugurlaryna degişli temalary öz içine alýan maglumatlaryň esasynda 8 sany ylmy makalalar ýygyndysy çap edilýär. Şeýle-de alymyň 60-dan gowrak ylmy makalasy we habarlary, 3 sany kitaby neşir edildi.
Alym ylmy gözleglerinde Balkan sebitiniň ilatynyň etnografik aýratynlyklary şeýle hem Türkmenistanyň Günorta we Gündogar künjeklerinde, has takygy Sumbar we Çendir jülgelerinde, Ahal welaýatynyň dürli etraplarynda ýaşaýan gadymy ilatyň hojalyk ýörediş aýratynlyklaryny içgin öwrenýär. Mundan başga-da A.Orazowyň ylmy işlerinde ekerançylyk we maldarçylyk hojalyklary bilen bagly nakyllardyr atalar sözleri öz beýanyny tapypdyr.
Etnograf alym A.Orazowyň saldamly işleriniň biri “XIX-XX asyryň başlarynda türkmenlerde maldarçylyk” (Скотоводство у туркмен в XIX – начале XX в) atly kitaby 1995-nji ýylda Aşgabatda çapdan çykdy. Bu uly göwrümli iş “Tebigy şertleri we hojalygy”, “Türkmenleriň maldarçylyk hojalygynyň taryhyndan”, “Maldarçylyk tipologiýasynyň meseleleri”, “Öý mallarynyň sany we olar bilen baglanyşykly halk adalgalary”, “XIX-XX asyryň başlarynda maldarçylyk hojalygynyň düzüminiň öwrenilişi”, “Ekerançylaryň-maldarlaryň oturymlylyga geçiş meseleleri” ýaly baplardan ybarat. Bu kitapda XIX-XX asyryň başlarynda türkmenleriň maldarçylyk hojalygy baradaky maglumatlar çap edilýär.
Alymyň “Türkmenleriň ekerançylyk we maldarçylyk bilen baglanyşykly däp-dessurlary, adatlary we baýramçylyklary” atly makalasy 1993-nji ýylda neşir edilen “Türkmenistanyň Etnografiýasy” (“Этнография Туркменистана”) kitabynda çap boldy. Makalada oba hojalyk işleri, suwarymly ýerlerde hasyl ýetişdirmek we ýaýla durmuş ýörelgeleri bilen bagly toý dabaralary, köpçülikleýin çäreler, şeýle hem halkymyzyň ruhy dünýäsini gözelleşdiren gadymy däp-dessurlar barada ähmiýetli maglumatlar baýan edilýär.
Arkadagly Serdarymyz türkmen halkynyň milli mirasyna, edebiýatyna, ylmyna, sungatyna, medeniýetine, ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryna we ýörelgelerine uly hormat goýýar. Şondan ugur alyp biz talyp ýaşlar hem medeni mirasymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda öz zähmetimizi gaýgyrmaly däldiris.
Mahfuza ATAJANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.