TÜRKMEN HALKYNYŇ GADYMYLYGYNYŇ HEM-DE EBEDILIGINIŇ NYŞANY
28-05-22
Milli buýsanjymyz bolan türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdeleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir.
Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa “Ertir turup atyňy gör, ataňdan soňa atyňy” diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ahli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.
Atlaryň döreýişi, bakylyşy, ösdürilip ýetişdirilişi, gylyk-häsiýetleri, ýaşyna görä seýislenilişi, ýöreýiş görnüşleri, hassalyklary, at keselleriniň bejerilişiniň usullary, bejerişde ulanylan dermanlardyr-emleriň atlary, taýýarlanylyşy we atçylygyň beýleki inçe tilsimleri ýaly mowzuklary öz içine alan, şeýle hem bedewiň bezeg şaý-esbaplary barada giňişleýin gürrüň berýän gymmatly orta asyr ylmy-edebi miraslarymyz bolan Baýtarnamalardan we beýleki çeşmelerden halk arasynda gadymy döwürlerden bäri atçylyk hünärine uly üns berlendigine göz ýetirýäris.
Meşhur ahalteke atlarynyň eýesine wepalylygy, ynsan ýaly syzmagy, syratlylygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen hiç bir at tohumy, hiç wagt bäsleşip bilmändir. Ata-babalarymyzyň köp ýyllaryň dowamynda çeken zähmetleri kämilleşip, atçylyk-seýisçilik hünärine öwrülipdir. Seýisçilik hünäri atlary dürli tälimler arkaly seýislemekden, olaryň ganyny arassa saklamakdan, tohumçylyk-seçgi işini yzygiderli alyp barmakdan, irginsiz kyn zähmetden ybarat. Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir. Muňa türkmen halkynyň aňynda öçmejek yz goýan “Görogly” şadessanyndaky Jygalybegiň hut özi hem mysal bolup biler.
Şadessanda Hüňkär Jygalybegiň gözüni oýduranyndan soňra, ol agtygy Röwşen bilen Üçgümmez dagyna tarap ýola düşýär. Ýolda barýarkalar Röwşen yzlaryndan kowgy gelýändigini habar berýär. Şonda Jygalybeg agtygyndan yzyndan kowup gelýän atlaryň reňkini, gadam urşyny, tohumyny sorap, gözi sokur bolsa-da, şol atlary tanap, şoňa görä hem gaçyş ýollaryny salgy berýär. Bu ýerde Jygalybegiň paýhaslylygy bilen bir hatarda onuň nä derejede ussat seýis bolandygy hem öňe çylýar. Jygalybeg aty seýislemegiň inçe tärlerini, ony reňki, hüýi-häsiýeti boýunça kesgitläp bilmekligi, aty nädip bakyp bejermelidigini agtygyna hem öwredýär.
Görogly öz atasyndan görelde alyp, atyna wepaly bolup, oňa ömrüni baglaýar. Ol aty bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçýär. Şadessanyň bütin dowamynda Göroglynyň belent derejelere ýetmeginde, duşmandan üstün çykmagynda, ýeňiş gazanmagynda Gyratyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy türkmen okyjysyna äşgär edilýär. Şonuň üçin hem “Görogly” şadessanyna belli bir derejede bedew hakdaky eser hem diýip bolar. Görogly öz Gyratyna “Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde wepaly ýoldaşym” diýipdir. Hatda Göroglynyň Gyrata ýüzlenip “Perzent dilemedim, seni diledim” diýýän setirlerine hem duş gelmek bolýar. Çünki Görogly öz Gyraty bilen Görogly derejesine ýetýär. Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.
Hawa, türkmen halky öz durmuşyny bedew atsyz göz öňüne getirmändir. Türkmen aga şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew atyny özüne gardaş hasaplapdyr. Bedew ata yhlas edip, onuň mertebesini arşa göteren, şanyna dessanlar düzüp, ony altyn-kümüş bilen bezäp bilen halk diňe türkmendir. Bedew at ýaly ynsanyň ruhuna şeýle çuň aralaşyp bilen janly-jandar ýok. Üstüne münen adamyň erkine görä hereket etmek bedewiň möhüm häsiýetidir. At ýoly, daş-töweregi oňat saýgarýar. At adam bilen bir hatarda sport ýaryşlaryna, olimpiýa oýunlaryna gatnaşýar. Türkmen halkynyň zehini bilen döredilen we terbiýelenen ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä ýüzünde has hem beýikdir. “Asman aty” hasaplanan ahal-teke bedewleriniň şan-şöhraty bilen baglanyşykly wakalar näçe diýseň sanabermeli. Şolaryň biri hem 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat – Moskwa atly ýörişidir. Bu ýörişde çapyksuwarlar 2500 mil aralygy 84 günde geçip, ýyndamlygyň we çydamlylygyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Şonuň 225 mil aralygyny Garagumuň suwsuz çöllüginden 3 günde geçmegi başarypdyrlar.
Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä derejesinde hem örän ýokarda durýar. Taryhy maglumatlara görä, Aleksandr Makedonskiý, Iwan Groznyý dagy hem ahalteke bedewini münüpdir. 1945-nji ýylyň 9-njy maýynda marşal Žukow hem ahalteke bedewinde Ýeňiş ýörişini kabul edipdi. Ahalteke bedewleriniň taryhy öz gözbaşyny örän uzaklardan alyp gaýdýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň: “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şohratymyz” atly kitabynda “Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar” diýip belleýär. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň eşretli günlerinde hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ahalteke atlarynyň sanyny köpeltmäge, behişdi bedewlerimiziň geçmişdäki şöhratyny häzirki döwrümizde hem dabaralandyrmaga ähli şertler döredildi. Welaýat merkezlerinde häzirkizaman atçylyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, türkmen bedewleriniň gözellik bäsleşikleriniň geçirilmegi ýurdumyzda milli buýsanjymyz bolan bedewler hakynda edilýän aladanyň aýdyň kepilnamasydyr.
Kakajan MYRATDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.