Berkarar döwletde ýaşlar bagtyýar
22-11-23

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ähli pudaklar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyndaky alnyp barylýan işleri has-da öňe ilerletmegi döwrüň öňe çykarýan iň bir esasy meselesi hökmünde kesgitledi. Durmuşyň wajyp sowallarynyň biri bolan bu ulgamdaky ösüşleriň we özgertmeleriň has hem kämil derejelere çykarylmagy baradaky alnyp barylýan işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary döwletlere amala aşyrýan saparlarynda iki döwletiň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek baradaky ylalaşyklar hem subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
Bilimiň täze, has belent sepgitlere ýetirilmegi ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen köpugurly şertleriň netijeliligini hem ýokarlandyrdy. Ylym-bilimiň kämil derejede ýola goýlan ýerinde ýurt ösýär, durmuş özgerýär, eşretli ýaşaýyş höküm sürýär.
Milli bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrdy. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etdi. Elektron sözlükler we ensiklopediýalar, audio we wideo materiallary özünde jemleýän multimedia okuwlary, kitaplaryň elektron neşirleri, bilim saýtlary, internet maglumatlary, bularyň bary ýaşlarymyzyň ruhy baýlygyny artdyrmaga, sagdyn düşünjä eýe bolmagyna, jemgyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berdi.
Güneşli Diýarymyzda ýaş nesliň bagtyýar şu gününi, nurana ertirini berkarar etmek, şahsy we jemgyýetçilik başlangyçlaryny goldamak, olary giň gözýetimli we ösen tehnologiýalardan baş çykarýan kämil hünärmenler edip ýetişdirmek ugrunda alnyp barylýan işler diňe bir göwünleri däl, eýsem, döwrümizi hem galkyndyrýar. Esasan hem üstümizdäki ýylda hormatly Prezidentimiz döwletimiziň kuwwatlandyryjy güýji hasaplanylýan ýaşlara uly ynam bildirýär.
Her güni ykbal özgerdiji wakalardan doly şanly ýylymyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň netijesinde ýaş nesliň güýji-gaýraty kämillige gönükdirilýär. Bagtyýar türkmen ýaşlarynyň ykbaly bilen baglanyşykly beýik işleriň ýene-de biri, üstümizdäki ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegidir. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynyň halkara derejesinde giň goldawa eýe bolup, türkmen ýaşlarynyň öz başlangyçlary bilen dünýä çykmagyna giň mümkinçilikleri açýar. Bu hakykata ýaňy-ýakynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly halkara forumyň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Sebitiň ýaşlarynyň güýçlerini bir ýere jemlemekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu halkara forumyň çäklerinde biz ýene-de bir buýsançly wakany başdan geçirdik. Şol günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýylyň-ýylyna yglan edilýän okuwda, zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanýan ýaşlary Türkmenistanyň ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi.
Goý, halkymyzy eşretli zamanada, bagtyýar döwürde ýaşadýan, ýaşlar hakda aladalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli başlangyçlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merjen HALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.