Merkezi Aziýa sebitinde “TIR-EPD” ulgamy “ASYСUDA Wold” awtomatlaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy

25-11-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, Arkadagly Serdarymyzyň Täjigistan ilkinji döwlet saparynyň jemleri boýunça ulag ugurly möhüm resminamalaryň ikisine- ýurtlarymyzyň degişli ulag edaralaryň arasynda multimodal gatnawlary işjeňleşdirmek we ýük dolanşygyny ýokarlandyrmak barada hyzmatdaşlygy mündan beýläk–de giňeltmek boýunça 2023-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki çäreleriň Meýilnamsyny hem-de halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek boýunça Hytaý-Täjigistan- Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Turkiýe-Ýewropa ugry boýunça täze ulag ugruny açýandygymyzy belledi.

Geljekde ulag ugry has ýokary derejede herekete girizmek göz öňünde tutulýar.Bu multimodal gatnawyň işjeňleşdirilmegi netijesinde özara haryt dolanşygynyň möçberiniň görnetin arjakdygy şübhesizdir.Munuň özi diňe täjik va türkmen tarapy däl, eýsem, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ählisi üçinem bähbitli başlangyçdyr. Türkmenistan Hytaýa we yzyna iň gysga ugur bolmagyny onuň esasy aýratynlygy hökmünde häsiýetlendirmek mümkin.Bu işiň hukuk binýadyny kesgitleýän resminama geçen ýylda Awazada gol çekilenigini aýtmak gerek. Şoňa görä-de , ilkinji nobatda şu meselä möhüm ähmiýet berýäris. Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýük dolanşyk 4,5 esse ýokarlandy.Ozal 700 tonna golaý ýük daşalýan bolsa häzir onuň mukdary 14 müň 700 tonna ýetdi. Şeýle anyk netijelerden ugur alyp , şu gezekki gol çekilen resminamalaryň hem ikitaraplaýyn ýük dolanşygyny täze derejä çykarmana ýardam etjekdigine ynam bildirýäris.

  • TIR-EPD” tehnologiýasy IRU bilen gümrük edarasynyň arasynda presiduralar barada elektron maglumatlary awtomatik alyş çalyş etmek üçin“ASYСUDA  Wold” gümrük maglumat ulgamyna kiçi programma modulynyň ygtybarly integrasiýasydyr.Daşaýjy ýükleri barada doly maglumaty öňünden meýilleşdirilen transportuň ähli ugry boýunça gümrük hyzmatlarynyň elektron maglumat ulgamuna awtomatiki usulda girmäne mümkinjilik berýär: tranzit ýurtlaryndan gidýän nokadyna çenli.
  • Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugy “TIR-EPD” ulgamyny  “ASYСUDA  Wold” awtomatlaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy bilen birleşdirdi.
  • Karnet TIR(TIR Karnet) astynda daşalýan harytlaryň deslapky elektron deklarasiýasy üçin TIR- Elekrton- Deklarasiýa ulgamy Ýewropa Ykdysady Komisiýasynyň teklibi bilen Halkara Transportal ulaglary bileleşigi (IRU) tarapyndan işlenilip düzildi .
  • Türkmenistanda Halkara ýol ulaglary birleşiginiň(IRU)goldawy bilen 2020-nji ýylyň iýul aýynda IT gurallaryny ornaşdyrmak boýunça işler başlanyldy. “TIR-EPD”ulgamy Halkara ýol ulaglary presiduralaryny kompýuterleşdirmek üçin möhüm ädimdir.
  • TIR-EPD” eýýäm 32 ýurtda işleýär. Bu ýyl hem Türkmenistan hem bu elektron ulgamy ulanyjynyň hataryna girdi.

2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylmagy bizi has-da begendirýär . Halkymyzda ulanylmaga berlen ýolagçy awtomenzillerinde duralgalar GPS ulgamynyň abzallary, sanly ulgam arkaly hyzmat edýän bölümler, döwrebap sanly enjamlar ornaşdyryldy.Ilatyň hemme ätiýäçlyklary göz öňünde tutulyp, ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlar guralýar.Monitorda görkezilen maglumatlar esasynda ýolagçylar şäherara we halkara ugurlaryň tertibi petekler, olaryň bahalary bilen tanyşyp bilerler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň wajyp ähmiýetli ýagdaýy hökmünde, ýurdumyzda köp ugurly ulag infrastrukturasyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu ulgamda döwlet Baştutany tarapyndan öňe sürülýän giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtoulag we demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täze ýollary gurmak, raýat awiasiýasynyň, gami gatnawynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter täzelemek we ösdürmek boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.

Kämil derejede guralan hem-de harytlaryň içerki we dünýädäki bazarlara bahym we netijeli eltilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagy ýurtda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, onuň önümçilik – tehniki binýadyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri diýlip hasaplanylýar. Bulardan başga-da, ilatyň ulag hyzmatyny edilmegi boýunça bildirilýän islegi artýar. Munuň özi intermodal, multimodal ulag  ulgamyny guramaklygyň esasy bolup şertlenýär.

Ulag adamyň möhüm zerurlyklarynyň birini – ondan-oňa geçirmek baradaky zerurlygyny kanagatlandyrýar. Ulagyň döremegi we kämilleşmegi siwilizasiýanyň ýüze çykmagy we ýaýramagy, söwda gatnaşyklarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegi, ýurtda öndüriji güýçleriň we olaryň daş-töweregindäki dünýä bilen aragatnaşyklarynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne ulagyň haýsy-da bolsa diňe bir görnüşi ýüki uzak aralyklara geçirmek boýunça tapgyryň dolulygyna ýerine ýetirilmegini üpjün edip bilmeýär.  Şoňa görä-de, döwrebap ulag ulgamlary ulagyň dürli görnüşleriniň özara sazlaşykly hereket etmegini göz öňünde tutmak we logistikanyň konsepsiýasyny ulag kärhanalarynyň işine ornaşdyrmak arkaly işlenip düzülýär.  

Hanguly HUDAÝGULYÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.