Informasion tehnologiýaly halkara awtomenzil
16-12-23

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gurulýan – yklymlary we halklary birleşdirýän ýollaryň diňe bir biziň ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ösüşli geljegine alyp barýandygy jedelsizdir.
Halkara awtoulag menzili Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde, Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň 7-nji kilometrinde ýerleşýär.
- Iki gatdan ybarat bolan Halkara awtomenzili 4 perronly, häzirki zaman awtomobiliniň dest (rul) halkasynyň şekilinde bina edildi. Bu perronlar halkara, şäherara we şäherýaka ugurlary boýunça ýolagçy gatnawlary ýerine ýetirmek üçin niýetlenendir.
- Halkara awtoulag menzili bir wagtda 48 ýolagçy awtobusyna, gije-gündiziň dowamynda bolsa 2000-e çenli ýolagça hyzmat etmäge doly mümkinçilik berýär. Bu häzirki zaman awtomenziliniň daş-töweregi abadanlaşdyrylyp, onuň gündogar böleginde döredilen bagy-bossan seýilgähi, günbatar böleginde bolsa 100 orunlyk awtoduralga hem raýatlarymyzyň hyzmatyna berildi. Olardan başga-da, ol ýerde awtobuslara tehniki hyzmatlar edilýän we awtoýuwalgalar toplumy ýerleşendir.
Awtomenziliň umumy meýdany 7,5 gektar bolup, ondaky ähli inženerçilik we binagärlik desgalarynyň umumy peýdalanylýan meýdany 9020 inedördül metr bolup, şol sanda:
- awtomenziliň meýdany – 7174 inedördül metr;
- edara binasynyň meýdany – 1182 inedördül metr;
- myhmanhananyň meýdany – 724 inedördül metr.
Awtomenziliň baş binasynda 260 ýolagça niýetlenen garaşylýan zaly ýerleşdirilen. Ellips görnüşinde bina edilen bu zalyň merkezinde bezegli iki sany aýmança awtobuslaryň hereketiniň tertibi barada habar berýän 4 sany LED monitorlary bilen üpjün edilendir.
Binanyň gatlaryna iki sany asma basgançak, eskalatorlar we iki sany lift arkaly münüp-düşmek bolar. Bulardan başga-da, awtomenziliň merkezi binasy galareýalar arkaly 50 orunlyk myhmanhana we edara binasy bilen birleşdirilendir. Bu bolsa, ýolagçylara goşmaça amatlyklary döredýär.
Awtomenziliň çäginde awtobuslaryň hereketi sagat diliniň tersine aýlaw ýoly boýunça amala aşyrylýar. Bu bolsa, awtomenziliň çäginden Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýoluna çykylanda awtobuslaryň hereketiniň üznüksiz we bökdençsiz amala aşyrmagyna ýardam eder.
Halkara awtomenziliň iki gatly binasy kümüşsow reňkli metaldan we nepis aerodinamiki görnüşli aýnadan edilendir. Binanyň üçeginde ýurdumyzyň bäş welaýatyny alamatlandyrýan haly gölleriniň şekilleri ýerleşdirilip, olar gije dürli reňklerde yşyklandyrylýar.
Isgender ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketini dolandyrmak hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.