Sport — güýç-kuwwatyň özenidir

19-03-25

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesi esasynda alyp barýan daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýar.

Munuň şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar hem ýene bir gezek aýdyň tassyklaýar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan 2023—2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.Türgenlerimiz dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, Watanymyzyň sport abraýyny artdyrýarlar. Diýarymyzda halkara derejesindäki iri ýaryşlaryň, şol sanda dünýä çempionatlarynyň yzygiderli geçirilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna ýardam edýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylma esaslanýan beýik başlangyçlary esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn sport çäreleriniň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sport jemgyýetiň sagdynlygynyň, nesilleriň sazlaşykly beden we ruhy taýdan ösüşiniň aýrylmaz düzümine öwrüldi. Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmak, saglygy berkitmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir raýaty üçin örän möhümdir. Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ýaşlar bilen geçiren umumy okuw sapagynda hem bu barada durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça özüniň gymmatly maslahatlaryny bermek bilen, sportuň ähmiýeti barada aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, sport ynsany beden we ruhy taýdan taplaýan, dünýägaraýşyny kämilleşdirýän gymmatlykdyr.

Sport güýç-gaýratdyr, gözellikdir, sagdynlykdyr we ruhubelentlikdir. Sport hereketiniň ýyl geçdigiçe barha geljegi uly halkara we sebit merkezine öwrülýän Aşgabat şäherinde dünýä derejeli sport desgalary  – Milli Olimpiýa sport Köşgi, sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, Olimpiýa suw-sport toplumy, awtodromy, futbol meýdançasyny, ýeňil atletikanyň ylgaw ýodalaryny, uzynlygyna, beýikligine bökmek üçin bölümleri, tennis meýdançasyny, gimnastika ýaryşlary üçin meýdançalary we sportuň beýleki görnüşleri üçin niýetlenilen binalary özünde jemleýän köpugurly “Aşgabat” we “Olimpiýa” stadionlary hem-de Olimpiýa şäherjigi hereket edýär.  Ata Watanymyz Türkmenistanyň saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda amala aşyrylýan bu hili giň gerimli özgertmeler biziň ýurdumyzda milli Liderimiziň saýasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berk berjaý edilýändiginiň aýdyň güwänamasydyr.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk sport toplumlary, döwrüň talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan sport mekdepleri bina edildi.  Bir söz bilen aýdylanda, türgenleşikleri hem-de ýaryşlary geçirmek, ýokary hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň täze neslini terbiýelemek, Olimpiýa ätiýaçlygyny döretmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.

Goý, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Enejan ANNAÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji yyl talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.