Magtymguly Pyragynyň goşgularynda türkmen zenanlarynyň keşbi

15-12-24

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda zenan mertebesi belentde tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ,,Enä tagzym- mukaddeslige tagzym’’ atly kitabynda: ,,Zenan düşünjesine halkymyz ,,ene’’, ,,uýa’’, ,,aýal dogan’’, ,,ömürlik durmuş hemrasy’’ diýen manylarda garaýar’’ diýip belläp geçýär. Taryhda belli bolşy ýaly türkmen halky zenanlaryny gözüniň göreji ýaly saklap, olara dünýädäki iň owadan we gymmatly zatlary bagyş edipdirler.

Her döwürde her bir şahyr türkmen zenanyny suratlandyryp wasp edipdir. Eýsem türkmen zenanyny wasp etmedik şahyr ýok bolsa gerek. XVIII asyrdan bäri türkmeniň ruhy ganaty we şamçyragy bolup gelýän beýik akyldar şahyr  Magtymguly Pyragynyň döredijilik temasy köp taraplaýyndyr. Magtymgulynyň goşgularyny okap her bir okyjy durmuşda gabat gelýän iň çylşyrymly ýollardan baş alyp çykmaklyga aýdyň ýollaryny tapýandyr. Akyldar gelin-gyzlara örän uly hormat goýýar. Akyldar şahyryň umman ýaly giň we çuň manyly, köptaraplaýyn  döredijiliginde türkmen halkynyň durmuşy,däp-dessurlary bilen birlikde gelin-gyzlaryň mertebesi, gylyk-häsiýetleri, edep-ekramy,görk-görmegi bilen baglanyşykly ençeme şygyrlary döredipdir. Ol zenanlaryň maşgala,durmuşda, jemgyýetde tutýan uly orny baradaky pikirleri öňe sürüpdir.

Dünýä medeniýetine uly goşant goşup, türkmen halkynyň adyny arşa göteren beýik şahyrymyz hem akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dürli temalarda döreden şygyrlary, dürli halklaryň dillerine terjime edilip, dünýä ýaýrady. Onuň sopuçylyk, liriki, pendi-nesihat, dini häsiýetli şygyrlary her bir adamyň kalbyndan uly orun aldy. Aslynda, türkmen halky gadym döwürlerden bäri hem zenanlara öýüň-ojagyň hudaýy hökmünde garapdyr.

Biziň Watanymyzyň çäklerinde gadymy medeniýetleriň taryhy ýadygärliklerinden tapylan heýkeljiklerde zenanlaryň şekillendirilmegi-de muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halky aýal-gyzlara aýratyn sarpa goýýar. Biziň halkymyzyň zergärçilik sungatynyň hem aglaba bölegi aýal-gyzlaryň dakynýan şaý-sepleri bilen baglanyşyklydyr. Asyrlaryň dowamynda bu sungat kämilleşip gelipdir. Biziň bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragy hem ussat zergär bolupdyr. Elbetde, bu hem belli bir derejede dana şahyrymyzyň aýal-gyzlara goýan çäksiz sarpasyndan bir nyşan bolsa gerek.

Magtymgulynyň döredijiliginde aýal-gyzlar meselesi uly orun tutýar. Ol beýik söz ussady bolmak bilen, döwrüniň mümkinçiiiklerine laýyklykda, aýal-gyzlaryň ynsançylyk hukuklaryny goramak, maşgala durmuşyny hakyky söýgi esasynda guramak ýaly pikirleri hem öňe sürüpdir. O1 geljekki nesliň päk we arassa bolmagy üçin ýigitler bilen deň hatarda, gyz-gelinleriň hem asylly-ahlakly, edepli-ekramly, mylaýym hem mähriban bolmaklygyny ündäpdir. Jemgyýetdäki duş gelýän biri-birine mynasyp bolmadyk nikany ýazgarypdyr we ony nogsanlyk hasaplapdyr. Şahyryň döredijiliginde söýgi temasy hem aýratyn bellärliklidir. O1 öz döredijiliginde päk söýgini ýöne bir çeper wasp etmän, eýsem, päk söýginiň nähili bolmalydygyny, ony nähili goramalydygyny, şol bir wagtyň özünde-de bu pynhan duýgynyň arassa we päk bolmalydygyny düşündirmegi başaran akyldardyr.

Magtymguly öz obadaşy Meňli diýen bir gyzy gowy görüp, onuň şanyna birnäçe goşgy ýazypdyr. Şahyryň:

Perde tartyp ýüzlerime,
Paýyş berip sözlerime. 
Magtymguly, gözlerime,
Ýeke Meňli han görüner 

diýen ýaly setirleri onuň Meňlini çyn ýürekden söýendigini görkezýär. Emma halk arasyndaky birnäçe rowaýatlarda we şahyryň käbir şygyrlarynda beýan edişine görä, olaryň biri-birine gowuşmaga mümkinçilik bolmandyr. Meňlini ene-atasy başga birine durmuşa çykarypdyr. Magtymgulynyň şygyrlaryndaky aşakdaky ýaly setirler bu rowaýaty tassyklaýar:

Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly ter öleňli,
Hi Gökleň, ady Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.

Şeýlelikde, Magtymgula Meňli bilen durmuş gurmak miýesser bolmaýar. O1 şol döwrüň dakylma adatynyň oduna köýýär. Şahyra Akgyz atly ýeňňesini dakýarlar. Bu ýagdaý şahyryň döredijiliginde ýitmejek yz galdyrýar. Magtymgulynyň şygyrlar diwanynda jemlenen goşgularyň içinde zenan keşbini wasp edýän goşgular barmak basyp sanardan köpdür. Biz onuň birnäçe goşgusynyň üstünde durup geçmegi makul bildik. Türkmen zenanlarynyň diňe bir sungat äleminde däl, eýsem, olaryň tebigy owadanlygy hem şahyryň ünsüni özüne çekipdir. O1 şahyrana sözleri ussatlyk bilen ulanyp, türkmeniň gyz-gelinlerini, şu dünýäniň bezegine, many-mazmunyna deňäpdir. Mysal üçin, «Duz hem bolmasa» atly goşgusynda, Magtymguly şeýle ýazýar:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa 

diýmek bilen, gelin-gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny aýdyň kesgitläpdir.

Gelin-gyzlar Magtymguly Pyragy üçin durmuşyň lezzeti, eşreti hasaplanýar. Gelin-gyzlar bar ýerinde, mähir-muhabbet bar, yşk-söýgi bar. Gelin-gyzlara bolan söýgi -durmuşy herekete getirýär, adamy arşa çykarýar. Magtymguly Pyragy gelin-gyzlaryň owadanlygyny Güne deňäp, «Gözel sen» atly goşgusynda:

Gün hanjary gökden ýere inende,
Güne garşy dogan Aýy gözel sen 

diýip, türkmen gelin-gyzlaryny Gün bilen bäsleşýän nurana ýalkyma deňeýär. «Gaşlaryňa» atly goşgusynda beýik akyldar türkmen zenanlarynyň gözleridir gaşlaryny wasp edýär. Ussat şahyr öz halan gyzyna öýlenip bilmese-de, türkmen zenanlarynyň keşbini, görmegeýligini wasp edipdir. Akyldar şahyrymyz «Gelin-gyzlar bolmasa, durmuşyň özi duzsuz tagama meňzär, mähre baý gözeller bolmasa, onda eşretli durmuş, şadyýanlyk hem bolmaz» diýip, gelin-gyzlary zeminiň bezegi hasaplapdyr. Mähirli gelin-gyzlarymyz diňe bir owadanlyk äleminde däl, medeniýet, sungat, ylym we bilim pudaklarynda-da uly ähmiýetli işleri alyp barýarlar.

Magtymguly Pyragynyň «Durasyň geler» atly şygrynda:

Gözel bardyr, gözellerden zyýada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler.
Edepli, ekramly mylaýymzada, 
Tä ölinçäň bile bolasyň geler 

diýen setirler bar. Şeýdip, akyldar şahyrymyz türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramyny wasp edipdir.

Aýlar BEGJIKOWA, 
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.