Dünýä dilleri – döwrüň talaby

12-12-24

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu gün türkmen ýaşlary belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine baglydyr.

Türkmen halkynda «Dil bilen dünýäni gezer» diýen söz bar. Bilim almak, hünär öwrenmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda berk eýerip gelen durmuş kadasydyr. Ylym-bilim bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda bu barada şeýle ýazýar: «Ylym-bilim jemgyýeti beýik maksatlara ýetirmegiň ýolunda jebisleşdirýän, döwletiň kuwwatyny artdyrýan baýlykdyr. Şuňa örän düýpli düşünilmegi gerek! Ylym-bilimsiz öňe gitmek mümkin däldir. Garaşsyzlygymyzy goramak, berkitmek işi hem biziň nesillerimize berýän ylym-bilimimiz, bu ugurdaky çynlakaý tagallalarymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr».

Daşary ýurt dillerini özleşdirmek talyplara akyl ýetiriş işjeňligini, netije çykarmak we umumylaşdyrmak başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt dilini öwrenmek şahsyýetiň kemala gelmegine, ýaş nesliň watançylyk, dostluk we ululara hormat goýmak ruhunda terbiýelenmegine şert döredýär. Islendik bilimi, dersi özleşdirmekde daşary ýurt edebiýatlaryny, dünýä tejribesini, internet täzeliklerini, şeýle hem innowasiýalary bilmek hökmanydyr. Daşary ýurt dillerinden baş çykarýan islendik hünärmen maglumatlara baý bolýar. Maglumatlary ýeterlik bolan hünärmeniň bolsa hünärinde ussatlyk derejesine ýetjegi ikuçsuzdyr.

Häzirki ajaýyp döwrümizde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, eýsem, dünýä dillerini öwrenmek meselesi örän aýdyňlygy bilen çözülýär. Esasan, iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede öwredilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde bolsa ilki öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir.

Bilim edaralarynyň tejribeli mugallymlary, professorlary talyplaryň höwesini we bilimini artdyrmaga çalşyp, dilleri goşmaça öwrenmek isleýänleriň başlangyçlaryna ýardam edýärler. Olar ýaşlary lingwistik olimpiadalara, bäsleşiklere gatnaşmaga, dilleri öwretmek we öwrenmek bilen bagly ylmy işleri ýazmaga höweslendirýärler. Daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli usullary, bu ugurda ylmy we öňdebaryjy tehnologiýalary, dünýä tejribesini ulanmaga bagyşlanyp yzygiderli geçirilýän daşary ýurt dillerindäki ylmy-amaly maslahatlar, şeýle hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tematiki onlaýn-maslahatlar geljekki hünärmenleriň hünär taýdan ösmegine ýardam edýär.

Biz — bilim işgärleri geljekde-de ýaş nesle döwrebap bilim bermekde yhlasymyzy gaýgyrman göreldeli zähmet çekeris. Goý, ýurdumyzy ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Näzikjemal GARDAŞAWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.