DÖWREBAP ULAG ULGAMY
07-12-23

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI
SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Ulag ulgamy döwletiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwrüň täze tehnologiýalaryna eýerip, biz ata – Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşup döwrüň taraplary bilen hatardaş gitmelidiris!
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda ulag ulgamyny barha ösdürmek babatynda köp işler amala aşyrylýar.Muňa mysal edip, 2022-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň binalarynyň açylmagy bizi has-da begendirýär . Halkymyzda ulanylmaga berlen ýolagçy awtomenzillerinde duralgalar GPS ulgamynyň abzallary, sanly ulgam arkaly hyzmat edýän bölümler, döwrebap sanly enjamlar ornaşdyryldy.Ilatyň hemme ätiýäçlyklary göz öňünde tutulyp, ýolagçylar üçin ýokary hilli hyzmatlar guralýar.Monitorda görkezilen maglumatlar esasynda ýolagçylar şäherara we halkara ugurlaryň tertibi petekler, olaryň bahalary bilen tanyşyp bilerler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan döwlet syýasatynda Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşiniň wajyp ähmiýetli ýagdaýy hökmünde, ýurdumyzda köp ugurly ulag infrastrukturasyny döretmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şu ulgamda döwlet Baştutany tarapyndan öňe sürülýän giň gerimli taslamalar, şol sanda hereket edýän awtoulag we demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de täze ýollary gurmak, raýat awiasiýasynyň, gami gatnawynyň maddy-tehniki binýadyny düýpgöter täzelemek we ösdürmek boýunça taslamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Kämil derejede guralan hem-de harytlaryň içerki we dünýädäki bazarlara bahym we netijeli eltilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berýän ulag ulgamynyň bolmagy ýurtda bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň, onuň önümçilik – tehniki binýadyny ösdürmegiň esasy şertleriniň biri diýlip hasaplanylýar. Bulardan başga-da, ilatyň ulag hyzmatyny edilmegi boýunça bildirilýän islegi artýar. Munuň özi intermodal, multimodal ulag ulgamyny guramaklygyň esasy bolup şertlenýär.
Ulag adamyň möhüm zerurlyklarynyň birini – ondan-oňa geçirmek baradaky zerurlygyny kanagatlandyrýar. Ulagyň döremegi we kämilleşmegi siwilizasiýanyň ýüze çykmagy we ýaýramagy, söwda gatnaşyklarynyň we medeni hyzmatdaşlygyň kämilleşmegi, ýurtda öndüriji güýçleriň we olaryň daş-töweregindäki dünýä bilen aragatnaşyklarynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Ýöne ulagyň haýsy-da bolsa diňe bir görnüşi ýüki uzak aralyklara geçirmek boýunça tapgyryň dolulygyna ýerine ýetirilmegini üpjün edip bilmeýär. Şoňa görä-de, döwrebap ulag ulgamlary ulagyň dürli görnüşleriniň özara sazlaşykly hereket etmegini göz öňünde tutmak we logistikanyň konsepsiýasyny ulag kärhanalarynyň işine ornaşdyrmak arkaly işlenip düzülýär.
Isgender ORAZOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa hereketiniň dolandyrylyşy hünärinuň 5-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.