TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY «UI GREENMETRIC WORLD UNIVERSITY RANKING» HALKARA REÝTINGINDE HASABA ALYNDY

08-12-23

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga, milletiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, bilimiň hilini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen möhüm wezipeleriň jähedinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi. Bu öňde goýlan wezipeleriň biri hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna girizmekden ybaratdyr.

Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, ýokary okuw mekdebimiz UI GreenMetric World University Rankings sanawyna girmek birnäçe degişli işler alnyp baryldy we 2023-nji ýylda bu guramanyň sanawyna girmegi başardy. GreenMetric World University Rankings guramasy, “Universitas Indoneziýa” tarapyndan 2010-njy ýylda hasaba alnyp başlandy. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň infrastrukturasy we düzümi, energiýa we klimatyň üýtgemegi,  galyndylary dolandyrmak, suw, ulag, ylym we gözleg ýaly ugurlar boýunça alyp barýan işlerini bahalandyrýar. 2023-nji ýylda bu sanawa dünýäniň ösen dürli döwletlerden 1183 sany ýokary okuw jaýlary hasaba alyndy, şol sanda Türkmenistanyň 8 sany ýokary okuw mekdebi hem bu reýtingde ýer almagy başardy.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara derejeli abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmagynyň türkmenistanlylaryň ýaş neslini ruhubelent okamaga, täze bilimleri hem-de häzirki zamanyň ýokary tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmäge gönükdiriljekdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Şatlyk PYGAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýa kafedrasynyň müdiri.

 

https://greenmetric.ui.ac.id/rankings/overall-rankings-2023

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.