Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy

09-12-23

Türkmenistan hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny üpjün etmek, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, parahatçylyk söýüjilik syýasatyny ýöretmek ýaly borçlary öz üstüne aldy hem-de üstünlikli berjaý edýär.

Türkmenistan beýleki ýurtlaryň işlerine goşulmazlyk syýasatyny alamatlandyrýan nusgalyk döwlet hökmünde çykyş etmek bilen çäklenmän, ol dawalary parahatçylykly serişdeler bilen düzgünleşdirmek boýunça sebitleýin merkez bolmagyny hem dowam edýär.

Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Serdarymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden dünýä ähmiýetli, adamzat bähbitli parahatçylykly teklipler bilen yzygiderli çykyş edýärler. Özüniň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesi bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülen ata Watanymyzyň bu hukuk ýagdaýy ýaşyl Tugumyzda hem zeýtun baldajygy arkaly öz beýanyny tapdy. Ak mermere bürenen, Aziýanyň göwher gaşy hasaplanylýan, Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny tapan gözel Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi ýerleşýär. Ylalaşdyryjy merkez bolup çykyş edýän ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge öz mynasyp goşandyny goşýar.

Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy döwletimiziň öz üstüne alan borçnamalaryny doly we gyşarnyksyz amala aşyrýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletimiz hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýerip, halkara derejesinde uly abraýa eýe boldy. Ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyz ykdysady taýdan we beýleki ähli ugurlardan ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy. Eziz Diýarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, goňşy döwletleriň hem parahat ýaşamagy üçin edilýän oňyn başlangyçlaryň biridir.

Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Döwran ÖWEZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji talyby.

16828e9089dae2.jpeg
GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.


16828e872d720e.jpeg
AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.


16828e79d0aab4.jpeg
BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem  dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.


16828e4589b060.jpeg
ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY

Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.


16828e2f1b58f9.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.