Bitaraplyk — parahatçylygyň gözbaşy
12-12-24

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan goldanylýar.
Türkmenistan döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň deňhukukly agzalygyna kabul edilýändigi hakynda karar kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň goldamagynda birinji gezek, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýa ikinji gezek kabul edildi.
Şonuň ýaly-da, bu seneler Milletler Bileleşiginiň taryhynda hem möhüm sahypa öwrüldi we 12-nji dekabr Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi.
Ata-babalarymyzyň arzuwlan Garaşsyzlyk eýýamynyň gelmegi halkymyzyň başyny göge ýetirdi, Bitaraplyk bolsa köňül arzuwyny gülletdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz ylalaşygyň, parahatçylygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň merkezine öwrüldi. Türkmenistan döwletimiz beýleki döwletler bilen dostluk, birek-biregi hormatlamak, birek-birege ynam etmek, özara ýardam bermek esasynda gatnaşygyny ösdürýär we köp ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny saklaýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Watanymyz BMG-niň münberinden dünýä ýüzüne hemmetaraplaýyn bähbitli başlangyçlaryny öňe sürýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Açyk gapylar» syýasaty esasynda halkara kadalaryna laýyklykda daşary ýurt maýa goýumlarynyň goralmagynyň kepillendirilmegi, daşary ýurt telekeçiligi üçin amatly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň iňňän baý tebigy serişdeleriniň, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň daşary ýurt maýa goýujylaryny özüne çekýänligi oňyn netijelerini berýär.
Bütin äleme öz ýalkymyny saçýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň parahatçylyk söýüjiligiň täze nusgasy hökmünde yklymlar içre ykrar edilmegi döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny mazmun taýdan barha baýlaşdyrdy. Ata Watanymyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary Türkmenistanyň halkara mertebesini has-da artdyrdy. Halkymyzyň we döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän uly özgertmeler, ylaýta-da, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, syýahatçylyk, sport we beýleki ulgamlary boýunça kabul edilen maksatnamalar, şeýle-de bu ulgamlarda barlag işlerini we innowasiýany ösdürmäge gönükdirilen düýpli maýa goýumlar türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat derejesinde wajyp orun eýeleýändigini aýdyň görkezýär.
Toý ruhuna beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramy uludan toýlanýar. Indi 29 ýyl bäri Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp parahatçylyksöýüjilikli, hoşmeýilli gatnaşyklaryň syýasatyny ýöredýän Garaşsyz, Bitarap döwletimizi bütin dünýä tanaýar. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly içeri syýasatynyň dowamy bolan öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistan döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen barha işjeň häsiýete eýe bolýan köptaraplaýyn gatnaşyklary ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Ol jemgyýetde milli agzybirligiň, asudalygyň hem-de jebisligiň ýokarlanmagynda bahasyna ýetip bolmajak häzirki döwrümiziň hakykatydyr. Şeýle hakykat Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallasy bilen, täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň, dost-doganlygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň daýanjy hökmünde öňe çykýar.
Bu bolsa türkmen halkynyň parahatçylykda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmeginiň kepilidir. Parahat durmuşymyzy toýlara besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren başlangyçlaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Hatyja ANNAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulaglar fakultetiniň Howa gämisiniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanyşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

GADYMY TÜRKMEN TOPRAGY – ADAMZADYŇ GYMMATLY HAZYNASY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy, milli däpleri aýawly saklamak, giňden wagyz etmek ýörelgesi türkmen halkyny dünýäniň beýleki ýurtlarynyň halklary bilen ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär. Taryhçylaryň bellemeklerine görä, türkmen topragynda bina edilen köpsanly ýadygärlikler adamzadyň gymmatly hazynasydyr.

AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞYGRYÝET MIRASY
Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir.

BAŞ KANUNYMYZ HEM-DE ÝAŞYL BAÝDAGYMYZ TÜRKMEN HALKYNYŇ RUHY BITEWILIGINIŇ NYŞANLARYDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri diňe bir öz raýatlarymyzy buýsandyrmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldanylýar. Ata Watanymyzda kanunyň abraýyny has-da belende göterýär, onuň rüstemligini ykrar edýär.

ROWAÇLYGYŇ HEM AGZYBIRLIGIŇ SAZLAŞYGY
Täze Galkynyşyň batly gadamlary bilen bagtyýarlyk nuruny boldan eçilýän ýurdumyzda belentden parlaýan Ýaşyl Tugumyzyň astynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ýokary depginlerini we giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýynyň barha artmagyny yzygiderli üpjün etmekde ýurdumyzda hereket edýän hukuk namalaryna esasy orun degişlidir.

DÖWLETLILIGIŇ HEM ASUDALYGYŇ NYŞANLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, ýatdan çykmajak pursatlara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň jemgyýetçilik gurluşynyň köpasyrlyk tejribesine esaslanýan, halkymyzyň milli ýörelgelerini özünde jemleýän berk binýatdyr.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.